27/08/2023
1186
Türkmenistan halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýär
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dunýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Guramanyň agzasy bolmak bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sekiz sany maddy däl gymmatlygy halkara guramanyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda hem-de dikeltmekde ähmiýetli işleri ýöredýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýanyň esasynda ýurdumyzyň çäklerinde taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy(1999), «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2005), «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2007) ýaly ýadygärliklerimiz girizildi.
Ýokarda agzalanlardan başga-da, ýurdumyz 2011-nji ýylda şol halkara Guramanyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessanynyň (2015), «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungatynyň (2017), Türkmen milli halyçylyk sungatynyň (2019), dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň (2022), türkmen keşdeçilik sungatynyň (2022) girizilmegi maddy we ruhy medeniýetlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany boldy.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen diňe medeni gatnaşyklary saklamak bilen çäklenmän, eýsem, bilim babatda hem köp hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Muňa mysal hökmünde bu halkara guramanyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri» hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti» atly açylan ÝUNESKO-nyň klublaryny görkezmek bolar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň netijesinde ýaňy-ýakynda bu halkara gurama tarapyndan ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Has dogrusy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYC) resmi agzalygyna kabul edildi.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkezdir. Bu jemgyýet halkara guramanyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlaryň guramalary üçin bilim giňişligi hökmünde tanalýar.
Mundan başga-da, Türkmenistan döwletimiz türki dünýäde döredilen ilkinji hyzmatdaşlyk guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hem-de oňa agza döwletler bilen özara medeni hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barýar hem-de giňeltmegini dowam edýär. TÜRKSOÝ guramasy türki döwletleriň arasynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary alyp barýar.
2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde oňa gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle-de Änew şäherini şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi biragyzdan goldadylar. Bu bolsa Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň rowaçlanýandygyny, türki halklaryň baý medeni-mirasyny goramak, öwrenmek hem-de dünyä ýaýmak işinde TÜRKSOÝ bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär.
Aýläle HEMRANAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI