02/06/2023
957
TÜRKMENISTAN-EÝRAN: GOŇŞUÇYLYK GATNAŞYKLARY TÄZE SEPGITLERDE
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer dașary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan döwletimiz bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk alan ilkinji gününden bäri bu ýörelgäni şygar edip gelýär. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatymyz uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasaty ugrunda hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalary bilen ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ygtybarly gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini günsaýyn giňeldýär. Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Asyrlar boýy goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we eýran halklarynyň taryhynda, medeniýetinde ösüşinde umumylyklar, meňzeşlikler köpdür. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategiki we giňmöçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Eýran Orta Gündogar sebitinde ösen döwletleriň hataryna girip, Pars aýlagynda ýerleşmek bilen ol Merkezi Aziýany we Ýewropany Hindi ummanyň sebitinde ýerleşen döwletler bilen baglanyşdyrýar. Eýran hem Türkmenistan ýaly, sebitde baý ýangyç gorlaryna eýe bolan döwletdir.
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Şol günden bäri geçen döwürde iki goňşy ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk şertnama-hukuk binýady döredildi.
Şu günki güne çenli iki ýurduň arasynda döwletara, hökümetara we pudagara derejelerindäki halkara resminamalaryň ençemesine gol çekildi.
Türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadyna esaslanýan iki dostlukly ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklar häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça baý tejribä eýedir. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar. Bilelikdäki türkmen-eýran kärhanalary iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň görnüşi hasaplanýar. Ikitaraplaýyn daşary-söwda gatnaşyklarynyň giňelmeginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparna uly orun degişli bolup durýar.
Munuň şeýledigine iki doganlyk halkyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň, saparlarynyň netijesinden hem açyk-aýdyň görünýär. 2007-nji ýylyň 15-16-njy iýunynda Milli Liderimiziň Eýrana ilkinji resmi sapary bolupdy. Şol saparda Gahryman Arkadagymyz Eýrana Türkmenbaşy-Gürgen aralygynda täze demir ýoly gurmak teklibi bilen ýüzlenipdi. Bu “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm halkasydyr. Ol Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň Pars aýlagyna çykmagyna giň mümkinçilik berýär. Şol saparyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bilelikde birnäçe resminamalara gol çekildi.
2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda bolsa Gahryman Arkadagymyz Hazarýaka döwletleriniň Tähranda geçirilen ikinji Sammitine gatnaşdy. Hut şol Sammitde hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy barada resminama gol çekdiler. Bu bolsa iki ýurduň sebitara we halkara guramalarynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Iki döwlet Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýärler. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşmak üçin 2009-njy ýylyň 11-nji martynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş saparynda boldy.
2011-nji ýylyň 17-21-nji ýanwary aralygynda Maşat şäherinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi geçirildi. Şeýle-de biziň ýurdumyzda hem Eýran birnäçe yzygiderli sergilerini gurady. Türkmen paýtagtynda iki dostlukly ýurduň senagatyň gazananlarynyň däbe görä geçirilýän sergisi olaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygynyň özara bähbitli ugurlaryny we mümkinçiliklerini öwrenmäge möhüm goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyz 2012-nji ýylyň 26-31-nji awgusty aralygynda Tähranda geçirilen Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 16-njy sammitine hem gatnaşdy. Iki döwletiň arasynda ulag-kommunikasiýa, nebit-gaz we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar.
Türkmenistan özüniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde goňşy Eýran bilen bilelikde amala aşyran iri müçberli we ikitaraplaýyn bähbitler bilen bilelikde, tutuş sebit derejesinde ähmiýetli bolan iri taslamalaryň uly toparyny amala aşyrdy. Muňa mysal hökmünde “Dostluk” suw howdanynyň, “Tejen-Saragt-Maşat” demir ýolunyň, “Körpeje-Gurtguýy” gaz geçirijisiniň, “Balkanabat-Aliabat” häzirki zaman elektirik geçirijisiniň, “Döwletabat-Sarahs-Hangeran” gaz geçirijisiniň we beýleki ençeme senagat desgalarynyň amala aşyrylan taslamalaryny görkezip bolar. Türkmenistan we Eýran özara iri taslamalaryň birnäçesini, şol sanda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň, Körpeje-Gurtguýy we Sarahs-Sangbast gaz geçirijileriniň, ”Dostluk” suw howdanynyň we beýleki ençeme senagat desgalarynyň gurluşygyny durmuşa geçirdi.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler, hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýrana amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.
2023-nji ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirildi Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet we türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dostlukly Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmakda düýpli ösüşler gazanyldy we onuň taryhyna täze sahypa ýazyldy.
2023-nji 30-31-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähranda iş sapary bilen bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda Hazar deňzinde türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurt baştutanlary häzirki wagtda milli ykdysadyýetleriň ösüş mümkinçiliklerini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny bellediler.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, dürli ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn netijesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şonuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolan bu düzümiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şol saparyň dowamynda birnäçe ylalaşyklara hem gol çekildi. Türkmenistanyň Energetika Ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda Elektroenergetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna, Ulag babatynda hyzmatdaşlyga, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi.
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasynyň bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI