30/11/2023
846
Türkmenistan COP-28 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar
Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bularyň ählisi döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň berkemeginde, ömür dowamlylygynyň uzamagynda örän uly ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň agzasy bolmagy we Howanyň üýtgemegi boýunça taraplaryň maslahatyna işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amal bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Belli bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri görmegiň halkara derejesindäki giň göwrümli forumy bolup durýar.
2023-nji ýylyň 30-njy noýabry we 2-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen “COP-28” maslahatynyň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek, bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem bu maslahatyň çäklerinde Kioto protokolynyň taraplarynyň 18-nji duşuşygynyň we Pariž ylalaşygynyň gatnaşyjylarynyň 5-nji mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.
“COP-28” maslahatynyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna hem-de biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeleri ösdürmekden ybarat bolar.
Maslahatyň çäginde geçiriljek gepleşikler köptaraply bolar. Mundan başga-da, Dünýäniň dürli künjeklerinden resmi hökümet wekiliýetleriniň, dürli derejedäki hünärmenleriň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň we olara gatnaşýan habar beriş serişdeleriniň sany barha artýar.
Bilşimiz ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girip, ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr. Döwlete degişli däl guramalaryň 3000-den gowragy bolsa synçy statusyna eýedir. Konwensiýanyň işine BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariaty (UNFCCC) ýolbaşçylyk edip, onuň merkezi edarasy Bonn şäherinde ýerleşýär.
Ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi şu günüň hem-de geljegiň arassa howa şertlerine, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna aýratyn bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzak möhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri görmeklik zerurdyr.
Hut şu nukdaýnazardan, “COP-28” maslahatyna ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilmegi, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Dubaý şäherinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça geçirilen Ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň bu ugurda kämilleşmegine öz mynasyp goşandyny goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmekligi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň dürli künjeginden 200-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty Bütindünýä ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahatynyň 28-nji sessiýasynyň öňüsyrasynda geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen bagly geçirilýän ýaşlar maslahatynda her ýyl uly netijeler gazanylýar.
BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.
Agakuwwat Allaberdiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara
gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we
deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI