Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTAN - BMG-NIŇ BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASY: HYZMATLAR PUDAGYNDAKY TÄZE BAŞLANGYÇLAR
    TÜRKMENISTAN - BMG-NIŇ BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASY:  HYZMATLAR PUDAGYNDAKY TÄZE BAŞLANGYÇLAR surady
    28/03/2024

    1152

    TÜRKMENISTAN - BMG-NIŇ BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASY: HYZMATLAR PUDAGYNDAKY TÄZE BAŞLANGYÇLAR

    Häzirki wagtda syýahatçylyk industriýasy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiki ugurlarynyň biridir. Syýahatçylyk pudagy dünýä ykdysadyýetinde örän çalt ösýän pudaklaryň biridir. Habar beriş serişdeleriniň kämilleşmegi, ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ösmegi, ylmy-tehniki progresiň ýokarlanmagy bilen adamlaryň boş wagtynyň köpelmegi, syýahat etmek tertibiniň sadalaşdyrylmagy ýaly sebäpler syýahatçylyk pudagynyň ösmegine örän uly täsirini ýetirdi. Häzirki döwürde dünýäde ykdysadyýetiň çylşyrymly ösmegi bilen bu ulgamda araçäkler ýitip barýar. Syýahatçylyk pudagynyň kämilleşmegi netijesinde medeniýet dünýäsiniň çäkleri aradan aýrylmaga sezewar bolýar. Halkara syýahatçylygy dünýä ýurtlarynyň 83%-niň üns merkezinde bolan iň esasy bäş pudagyň biridir. Bu pudak döwletleriň 38%-niň gyzyl puluny artdyrýan iň esasy pudakdyr. Syýahatçylyk pudagynyň ekologiýa, sosial-ykdysady, medeni, ykdysady bähbitlerini bellemek ýerlikli bolar.
    Tebigat taýdan — tebigy baýlyklaryň goralmagyna, olaryň täzeden dikeldilmegine we ösdürilmegine ýardam berýär.
    Sosial-ykdysady taýdan — ýerli ýaşaýjylar üçin iş üpjünçiligini artdyrýar. Döwletiň içindäki önümçiligiň artmagy bolsa, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrýar. Ýurtda täze medeni-köpçülikleýin dynç alyş merkezleriniň, sport merkezleriniň, saglygy dikeltmek üçin dürli tebigy melhemli bejergilere baý bolan şypahanalaryň gurulmagy halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýar.
    Medeni taýdan —suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, teatrlar, muzeýler öňküden has kämilleşmek bilen bolýar. Geçirilýän şüweleňleriň, festiwallaryň sany artýar. Türkmeniň gadymy keşdeçilik, halyçylyk, keçe dokamak sungatyna degişli bolan döwrebap harytlaryna täze alyjylar peýda bolýar. Syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi netijesinde öz ýurtlaryndaky taryhy we medeni baýlyklary öň doly tanamaýan ýerli ýaşaýjylar mahabatlardan ýa-da habar beriş serişdelerinden eşidip, olara syýahat etmäge we olar barada köp maglumat almaga mümkinçilik tapýar.
    Ykdysady taýdan — daşary ýurtdan gelen syýahatçylaryň üsti bilen döwletiň gyzyl pul gazanmagyna, salgytlardan gelýän girdejileriň köpelmegine, döwletiň iş bilen üpjünçilik derejesiniň artmagyna itergi berýär. Şeýle hem myhmanhanalarda gerek bolan azyk ýa-da gündelik ulanylýan harytlaryň, sözüň doly manysynda jemgyýetiň isleg bildirýän ilkinji zerur harytlara bolan hyrydarlygyň artmagy önümçiligi ösdürmäge we giňeltmege itergi berýär. Bu bolsa ýurduň içindäki öndürijileriň köp girdeji gazanmagyna hem-de öz öndürýän önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Ýurduň içinde syýahatçylyk pudagy döwrebap ösen halatynda daşary ýurtlardan gelen syýahatçylaryň aňlarynda oňat täsir galdyrýar. Bu bolsa ýurt üçin we onuň eksport edýän önümleri üçin tapylgysyz mahabatdyr. Halkara arenadaky özgerişlikler we sarp edijileriň islegleriniň üýtgemegi syýahatçylyk pudagynyň işini has hem ilerledýär. Daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýän aýratynlyklaryň biri hem taryhy ýadygärliklerdir we tebigy gözelliklerdir.
    Türkmen topragy taryhy, medeni ýadygärlikleriň mesgeni hasaplanylýar. Bu toprakda dünýä ylmyna öz mynasyp goşantlaryny goşan ägirtler ýaşap geçipdirler. Muhammed al-Horezmi, Ibn-al-Haýsam, Muhammed-al-Hazini, Abu Reýhan Biruni, Mahmyd al-Çagmini, Mahmyt Kaşgaly we başgalar dünýä taryhynda giňden tanalýar. Olar türkmen halkynyň at-abraýyny dünýä ýaýyp, türkmen halkyna uly ylmy miraslary goýup giden meşhur alymlardyr. Galyberse-de, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy binalar, ýykylan harabalyklar gadymda bu toprakda ösen medeniýetiň bolandygyna güwä geçýär. Nusaý we Marguş medeniýetleri, gadymy Merwdäki Soltan Sanjaryň, Alp arslanyň, Tekeşiň, Köneürgenç galasyndaky Nejmeddin Kubranyň, Soltan alynyň, Törebeg hanymyň ymaratlary taryha ýaň salýar.
    Ekosyýahatçylyk Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, syýahatçylygyň dünýäde iň çalt ösýän görnüşi bolup durýar. Ýurdumyzyň Köýtendaglaryndaky täsinlikler halkara we içerki syýahatçylygy ösdürmekde ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde syýahatçylygyň ekosyýahatçylygy, sagaldyş syýahatçylygy, bilesigelijilik syýahatçylygy ýaly görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň günbatarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagy dynç alyş we syýahatçylyk pudagynda ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrmakda düýpgöter täze başlangyç bolupdy.
    Türkmenistan BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasyna 1993-nji ýylda agza bolmak bilen, geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde oňyn tejribä eýe boldy. 2024-nji ýylyň 27-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly Halkara maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Zurab Pololikaşwili bilen Hormatly Prezidentimiziň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny köpugurly ösdürmegiň mümkinçilikleri, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary dogrusyndaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi. BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda 2024-2025 ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge gatnaşmak meselesine hem seredildi.
    «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly Halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň aýratynlyklary, mümkinçilikleriň täze görnüşlerini açyp görkezmäge, Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge uly ýardam edýär. Has takygy, ummasyz syýahatçylyk baýlyklaryna eýe bolan ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk bazarlaryna goşulmagyň köpugurly görnüşleri, tölege ukyply dürli müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin Türkmenistanyň syýahatçylyk hyzmatlarynyň hödürlenjek dürli görnüşleriniň dünýä jemgyýetçiligi bilen tanyşmagyna şert döreder. Netijede, täze syýahatçylyk hyzmatlarynyň özleşdirilmegi köp sanly ugurdaş pudaklaryň güýçli depginler bilen ösmegine we ykdysadyýetimizde syýahatçylyk telekeçiliginiň işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirer.

    Mährijemal MÄMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI