Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalanýar
    Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalanýar surady
    22/09/2023

    1186

    Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalanýar

    Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysalydyr.
    Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Munuň özi eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.
    Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döredijilikli ýörelgeleriniň özenini düzýär.
    Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşyny Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusynyň «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, / Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen setirleri bilen tamamlady. Munuň özi geljek ýylda Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň many-mazmunyny has-da artdyrýar.
    Umuman, bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň taryhy menzillerine ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstünlikli we biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň 20-den hem köpüsiniň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşygynda hem nygtaldy.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda bolan iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Duşuşyklarda Bitarap Türkmenistanyň halkara durmuşa işjeň gatnaşyjy döwlet hökmünde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigine üns çekildi.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen öňe gitmegini dowam edýär. Bu syýasatyň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýada bellenilendir. Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri, döwletli başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

    Mähriban GANDYMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI