Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy
    Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy surady
    06/09/2023

    863

    Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

    Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ösdürilýär. Şu ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen işler, gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
    Hyzmatdaşlygyň taryhy menzillerine ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
    BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda açylýan 78-nji sessiýasynda döwletimiziň ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan ediler. Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda lukmançylyk diplomatiýasyna degişlileriň hem bardygyny bellemek gerek.
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň lukmançylyk tejribeleri halkara derejede ykrar edilýär. Munuň özi lukmançylyk diplomatiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
    Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda açylýan nobatdaky sessiýasynda Türkmenistan 2023-nji ýylyň dekabrynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ýokanç keseller boýunça halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 2024-nji ýylyň aprelinde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde, «Saglyk — 2020» syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýokanç däl keseller boýunça ministrler derejesindäki Ýewropa maslahatyny geçirmegi teklip edýär. Şonuň üçin hem dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde lukmançylyk diplomatiýasyna hem uly orun degişlidir.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen öňe gitmegini dowam edýär. Bu syýasatyň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýada bellenilendir. Dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

    Aýgözel ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.

    Çeşme şu ýerden alnan:
    "Mugallymlari" gazeti 06.09.2023ý.  
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/117505

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI