Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigi
    “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigi surady
    30/10/2021

    907

    “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigi

    Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini gurnamak we geçirmek hakyndaky 

    DÜZGÜNNAMA  

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.  


    1. Umumy Düzgünler


    Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

    Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda “Fotožurnalistika” bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçýän şertlerinde ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny  ulanmakda zehinlerini we başarnyklaryny açyp görkezmekde ukyplydygyny görkezer.  

    Bäsleşikleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.


    Bäsleşigiň  maksady:

    a) hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk dörediji daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň ýeten ýokary halkara abraýyny şöhlelendirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady depginini fotosuratlarda, şekillerde şöhlelendirmek, teswirlemek;

    b) hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky beren tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika we beýleki hünärlerde okaýan talyplarynyň arasynda internet žurnalistikasyna we fotožurnalistika bolan garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini giňeltmek,  ösdürmek bilen bir hatarda, tebigata, ýurdumyza, geçmiş taryhymyza hormat-söýgüni döretmek;

    ç) fotožurnalistikanyň fotoreportaž, fotooçerk, fotokorrespondensiýa  we beýleki žanrlarynda surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmek;

    d) žurnalistikanyň täsirli görnüşi bolan fotožurnalistikany ösdürmek;

    e) talyp ýaşlarda öz kärine bolan höwesini, hakyky fotosuraty düşürmek ukybyny ösdürmek;

    ä) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary berkitmek we hünärine garamazdan, islendik talypda bar bolan fotožurnalistika bolan ukybyny ýüze çykarmak;


    Bäsleşigiň  wezipesi:

    a) hünärine ökde, ussat hem-de höwesjeň fotožurnalistleri taýýarlap ýetişdirmek;

    b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan  gyzyklanmany döretmek;

    c) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

    d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;

     

    Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:

    a) bäsleşige ugradylan suratyň çarçuwasyna girýän desgalar;

    b) suratyň çarçuwasyna ýerleşdirilen paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi;

    c) suratyň tema bilen sazlaşygy;

    d) bäsleşige ugradylan suratyň reňk sazlaşygy;

    e) suratyň reňk öwüşginleri;

    f) düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;

    g) suratyň düşüriliş tarapy. 


    2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

    2.1. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.

    Guramaçylyk topary:

    ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

    Eminler topary:

    ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan suratlara bellenilen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.


    3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

    3.1. Bäsleşik ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.

    3.2. Her bir gatnaşýan talyp hgi.hzdek@gmail.com elektron poçtasy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda dowam edýär.

    3.3. Bäsleşik I we II derejede geçiriler:

    I derejä – žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp biler;  

    II derejä – islendik hünärinde okaýan talyplar  gatnaşyp biler;

    3.4. Bäsleşige gatnaşyljak suratyň temasy: “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”;

    a)  “Kuwwatly döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary”;

    b) “Ösüşler ýurdunyň kämil ýaşlary”;

    ç) “Aşgabat – dünýä parahatlyk paýlaýan şäher”;

    d) “Arkadagyň binagärlik sungaty”;

    e) Millilik we taryh.

    3.5. Bäsleşige gatnaşýan talyp bellenen internet sahypasyna öz salgylanmasyny ugratmaly; ugradan salgylanmalaryna her bir gatnaşyja belli bir ID nomer mysal üçin: 001 berler we şol ID-ni suratyň adyna ýazyp, öz düşüren suratyny ugratmaly. Eger dalaşgär diňe 1 surat hödürleýän bolsa, 001.JPG görnüşde, eger birnäçe surat hödürleýän bolsa ID nomeriň yzyna hödürleýän surat sanyna görä belgi goýup ugratmaly. Mysal üçin: 001_1.jpg, 001_2.jpg, ............. 001_5.jpg görnüşinde hgi.hzdek@gmail.com adresine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna CD/DVD disklerine ýükläp ugratmaly.

    3.6. Bäsleşige gatnaşýan talyp suraty özbaşdak düşürmeli, göçürilen bolmaly däl. Surat awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly; eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar.

    3.7. Bäsleşige gatnaşýan talyp bäsleşige birnäçe surat hödürläp biler. Hödürlenýän suratlar guramaçylyk toparynyň hgi.hzdek@gmail.com elektron poçtasyna 2021-nji ýylyň 3-nji dekabryna çenli ugradylmaly. Bäsleşige hödürlenýän suratlar ozal hiç bir ýerde çap edilen ýa-da ýerleşdirilmedik bolmaly.

    3.8. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekillerinden, halypa fotožurnalistlerden düzüler. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory tassyklaýar.

    3.9. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär. 

    3.10. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

    3.11. Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.


    4. Talyplaryň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika

    bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

     

    4.1. Bäsleşigiň netijesi eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

    4.2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

    4.3. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler (1-nji we 2-nji derejeler boýunça diplomlar) gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

    4.4. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne baýrakly orunlara dalaş eden fotosuratlar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.

    4.5. Ýeňijileriň fotosuratlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.


    Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri) we bäsleşige tabşyryljak makalalary institutyň hgi.hzdek@gmail.com e-mail salgysy arkaly kabul etmek 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan başlap,

    3-nji dekabryna çenli aralygynda amala aşyrylar.

    Habarlaşmak üçin:

    Tel: +993 12 226852,

    Mail: hgi.hzdek@gmail.com


    Fotosuratlarda – Bitarap Türkmenistan (turkmenistan.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI