Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • “GENDER DEŇLIGI – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI” ATLY BRIFING GEÇIRILDI
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • ЦА-Китай: Астанинский консенсус задает вектор новой эре медиадипломатии
        • Аналитики Туркменистана и Индии наводят мосты дружбы и взаимодействия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • Sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk barha giňeýär
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösüşiň täze basgançagynda
    Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösüşiň täze basgançagynda surady
    24/04/2025

    415

    Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösüşiň täze basgançagynda

    Gülşat ÝUSUPOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory:

    — Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ýaponiýa amala aşyran sapary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Osakada açylan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy, Tokioda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli gepleşikleri, şeýle-de ýapon işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmegi Günüň dogýan ýurdy bilen uzak möhletli gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen bolan duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu abraýly bilim ojagynyň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bolsa ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan asylly ýoluň mynasyp dowam etdirilýändigini, bu ugurdaky tagallalaryň ýapon tarapynyň giň goldawyna eýe bolýandygyny äşgär etdi.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ýapon kärdeşleri bilen iş duşuşyklary hem geçirilip, olaryň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň «Nippon» we «JACAFA» gaznalarynyň arasynda-da özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň dekabrynda bu iki gaznanyň arasynda talyp haky granty barada Ylalaşyk baglaşylyp, oňa laýyklykda, Merkezi Aziýada adam serişdelerini ösdürmäge grant goldawyny bermek göz öňünde tutuldy. Şonuň esasynda geljekde biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryny hem grant görnüşinde talyp hakyny bermek arkaly goldamak meýilleşdirilýär.
    Ýeri gelende aýtsak, «Nippon» gaznasy 1962-nji ýylda esaslandyrylyp, ol Ýaponiýada we ýurduň daşynda ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi ýaly ulgamlarda iş alyp barýar. Şeýle-de halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin talyp haklary, grantlary hödürleýär. Adam maýasyny ösdürmek, ylymda, tehnologiýada innowasiýalary goldamak bu düzümiň esasy wezipeleridir. «JACAFA» (Japan Central Asia Friendship Association) gaznasy bolsa Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge mynasyp goşant goşýar. Biri-biri bilen berk baglanyşykly bu iki gazna Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär. Bu düzümler bilen gazanylan täze ylalaşyklaryň hem geljekde iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilip, oňyn netijeleri berjekdigine ynanýarys.
    Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ýaponiýa amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle taryhy wakalara ýakyndan şaýat bolmaga döredilen ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

    Çeşme: https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/190296

    Soňky täzelikler

    Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! surady

    28/06/2025

    Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!
    Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy surady

    27/06/2025

    Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy
    Туркменистан–Россия: углублённое стратегическое партнёрство surady

    27/06/2025

    Туркменистан–Россия: углублённое стратегическое партнёрство
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI