706
TÜRKMEN WEKILÝETI TOPH WE TOP TASLAMALARY BOÝUNÇA PÄKISTANDAKY GEPLEŞIKLERE GATNAŞÝARLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň energetika ulgamynda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmagyna aýratyn orun degişlidir. TOPH diňe bir hyzmatdaş ýurtlary energiýa serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek işinde däl-de, eýsem Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, bütin sebitde onlarça müň goşmaça iş orunlaryny döretmekde-de, durmuş infrastrukturany düzmekde, syýasy durnuklylygy saklamakda we berkitmekde aýgytly ähmiýete eýedir. Şular babatda, Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý 75-nji maslahatyna ugradan wideoýüzlenmesinde halkara bileleşiginiň goldawyny gazanan, global energiýa howpsuzlygyny, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny netijeli işe girizmek babatyndaky garaýyşlary Türkmenistanyň öz ummasyz uglewodorod mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýmaga ygrarlydygyny we taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna örän iri gaz ýataklary ýerleşýän Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitinde badalga berildi we onuň Owganystanyň (Hyrat, Kandagar) hem-de Päkistanyň (Multan) çäklerinden geçip, päkistan-hindi serhedindäki Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna baryp ýetmegi göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçiriji başlangyç tapgyrda täze energetika ulgamynyň serişde binýadyna öwrüler. Türkmen gazy Hindistanyň we Päkistanyň «mawy ýangyja» bolan isleglerini kanagatlandyryp biler. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony tankerler bilen getirýär. Şol döwletlerde bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Şeýle-de, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi sebitiň ykdysady ýagdaýyny durnuklaşdyrmakda, ozaly bilen, işewürligi ösdürmek we goşmaça iş orunlaryny döretmekde möhüm bolup durýandygyny bellemelidiris. Taslama gatnaşýan ýurtlar arzan, ykdysady taýdan amatly we ekologik taýdan arassa gaz, şeýle hem gazyň üstaşyr geçiril-megi üçin goşmaça girdeji alarlar. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda taslama gatnaşyjy döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan –Owganystan – Päkistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň 3-nji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ähmiýetli waka “Asyryň taslamasy” adyny alan gaz geçirijisiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy babatyndaky işleriň anyk mazmuna eýe bolýanlygyny alamatlandyrdy. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda taslama gatnaşyjy döwletleriň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Serhetabat etrabynda «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Gahryman Arkadagymyz bu dabarada çykyş etmek bilen, bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar diýip nygtamagy, TOPH taslamasynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm ornuny berkitdi. Şeýle-de, biziň döwletimiziň serhedinden Owganystanyň üstünden Päkistana çenli uzynlygy 814 kilometr bolan optiki-süýmli aragatnaşyk geçirijisi we güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamy gurmak babatynda wajyp ylalaşyga gelindi. 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan üçtaraplaýyn duşuşygynda hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagynyň maglumat alyş-çalşygynyň bökdençsiz amala aşyrylmagy we telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak çygryndan wajyplygy nygtalyp geçildi. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat köprüsi hökmünde wajyp ornuny berkitmeklige ýardam etdi. 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary Päkistan Yslam Respublikasynda 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary – 4-nji fewraly aralygynda gulluk iş saparynda boldy. Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Päkistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçylarynyň we tehniki hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky gepleşiklere gatnaşdy. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) geçelgesi Owganystan üçin tutuş sebite durnuklylygy we uzak möhletleýin abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryň we başlangyçlaryň toplumydyr. Taslamanyň dünyäniň ähli ýurtlary üçin oňyn netije bermegine garaşylýar. TOPH geçelgesi aşakdaky taslamalary öz içine alýar: TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçiriji; TOP 500 (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) elektrik geçiriji; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) awtoulag ýoly; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) demir ýoly; TOPH gaz geçirijisiniň aýratynlyklary; TOPH geçelgesiniň merkezi taslamasy TOPH gaz geçirijisidir. Taslama Owganystany, Päkistany we Hindistany türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Owganystandaky TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 774 km bolup, ol Turgundy şäherinden Spin-Boldak serhedine çenli uzap gidýär. Işe girizilen pursadyndan ilkinji iki ýylyň dowamynda TOPH arkaly Owganystana 2 milliard kub metr gaz ibermeklik göz öňüne tutulýar. Üçünji ýyldan başlap, “mawy ýangyjyň” üpjünçiliginiň mukdary ýylda 5 milliard kub metre çenli artdyrylar. TOPH gaz geçirijisi Owganystanda 12,000-14,000 sany iş ornunyň döredilmegine goşant goşar. TOPH geçelgesiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 9 müňden 11 müňe çenli goşmaça iş orunlary dörediler. TOPH geçelgesi ösüşiň iki esasy bölegini herekete getirer: energiýa we arabaglanyşyk. Tebigy gaz we elektrik energiýa üpjünçiliginden daşary, TOPH arabaglanyşygy aňladýar, ol bolsa öz gezeginde harytlaryň Owganystandaky hereketini aňladýar. Bu parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar. Bu taslama ähli ugurlarda - Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa, Hytaýa, Russiýa we Ýewropa üstaşyr we eksport söwdasyna itergi berer.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI