500
Türkmen telekeçiligi bedew bady bilen öňe barýar
2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän serginiň we birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen serginiň dowamynda hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň 200-e golaýynyň pawilýonlary ýerleşdirilen. Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda institutymyzyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde talyplar «Nusga», «Aýdyň gijeler», «Täç hil», «Datmeni», «Täze aý» we beýleki birnäçe hususy kärhanalaryň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdylar.
Iki gün dowam edýän bu sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary raýatlarymyzy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, özümizde öndürilýän täze önümleri bilen birlikde eksporta gönükdirilen harytlar bilen tanyşdyrýarlar.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI