30/11/-0001
740
Türkmen-tatar ykdysady gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Türmen-tatar gatnaşyklary özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halkyň aslynyň gadymy türki kowmuna degişliligi, dilleriniň, däp-dessurlarynyň, ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň örän meňzeşligini emele getiripdir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da berkeýär. Häzirki döwürde ol ýerde müňlerçe türkmen ýaşaýar. Şoňa laýyklykda, 1996-njy ýyldan bäri Kazanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Tatarystan bölümi işleýär. Bu bolsa iki doganlyk halkyň medeni gatnaşyklarynyň ösmegine-de uly täsir edipdir.
2021-nji ýylyň Sentýabr aýynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Onuň çäklerinde Prezident Minihanow bilen türkmen Baştutanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň öňdebaryjy kärhanalary we kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerden soňra Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirilendigini bellemek gerek.
2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmen wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow şol wagtky wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy” atly medaly gowşurdy. Bu medal Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.
2021-nji ýylyň Türkmen wekilýeti 28-30-njy iýul aralygynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021” atly XII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy. Bu Sammite dünýäniň 60 ýurdundan, şeýle hem Russiýanyň 33 sebitinden 2 müň 500-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Sammite Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy, “Ak tam” we “Ak enar” hojalyk jemgyýetleriniň esaslandyryjylaram gatnaşdy. “KazanSummit 2021”-iň çäginde onlarça tematik sessiýalar we tegelek stollar, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ýaş diplomatlar forumy geçirildi. Bu çärede esasan hem saglyk, “Halal” durmuş ýörelgesi, yslam maliýe gurallary, dünýäde pandemiýadan soňky ykdysady ösüşiň maýa goýumlary we geljegi ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.“Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Summit” halkara ykdysady sammiti Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklar üçin platformadyr. Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň Halkara ykdysady sammiti ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi.
2021-nji ýylyň aprel aýynda Türkmen wekilýeti Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdylar. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi halkara gurama bolup, ol sebitleýin ykdysady integrasiýany ilerletmek maksady bilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi şertnamasynyň esasynda 2014-nji ýylda döredildi. Oňa Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan Respublikalary agza döwletlerdir. Moldowa, Özbegistan we Kuba ýurtlary synçy döwletler hökmünde çykyş edýärler. Esasy maksady agza ýurtlaryň milli ykdysadyýetlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek, şeýle hem, ol döwletleriň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen döredildi.
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda nebit-gaz ulgamynda, senagatçylyk pudagynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisiniň netijesi boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.
2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ”, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody, «Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky zawod», «Kazanskiý wertolýotnyý zawodda» we “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Ýeri gelende bellesek Türkmenistan bilen “Tatneft” 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda “Tatneft”-iň Türkmenistandaky şahamçasynda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehi işe girizildi. “Tatneft” we “Türkmennebit” döwlet konserni Goturdepe nebitgaz ýatagynda 2028-nji ýyla çenli guýularyň nebitiň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça şertnama baglaşdylar.
Görşümiz ýaly, Tatar-türkmen gatnaşyklary şu gündäki Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde kämil derejä ýetdi. Dostluk-doganlygyň şu günki kämil ýoly mundan beýläk-de has-da berkesin!
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň
uly mugallymy.