02/02/2026
78
TÜRKMEN TALYPLARY HALKARA GIŇIŞLIGINDE NOBATDAKY ULY ÜSTÜNLIGE EÝE BOLDULAR
2026-njy ýylyň 25 – 28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde Buhara döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara matematika (Buhara International Mathematical Olympiad) we himiýa (International Chemistry Olympiad) olimpiadalary geçirildi.
Halkara matematika bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy bäsleşikde 10 altyn medal, 14 kümüş medal we 1 bürünç medal bilen sylaglanyldylar.
Matematika dersi boýunça hem talyp ýaşlarymyz öz bilimlerini dünýä äşgär etdiler. Şahsy bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Goçmyrat Penjiýew uly ussatlyk görkezip, hormatly 2-nji oruna we kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da, Turkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikdäki matematikler topary özüniň oýlanyşykly we logiki netijeleri üçin “Best Theoretical Mathematics Team” diýen halkara sylaga, ýörite diploma we kubaga mynasyp boldular.
Bu gazanylan üstünlikler ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň nobatdaky dabaralanmasydyr. Halkara derejesindäki bu ýeňişler Arkadagly türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Talyplarymyzy we olary taýýarlan mugallymlary bu dabaraly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.