16/09/2024
770
Türkmen pälwany Alp Arslanyň ýeňişleri barada...
Üýtgeşik at üýtgeşik ykbala çelgi bolýan bolarly. Çünki biziň bu günki söhbetdeşimiz beýik türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny göterip, dünýä arenalarynda men-men diýen türgenlerden üstün çykan ýaş ýigdekçe. Eýýäm aňan bolsaňyz gerek, gürrüňiň kim hakdadygyny. Biz ýaňy-ýakynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça dünýä çempiony bolan Alp Arslan Begenjowa birnäçe sowal bilen ýüz tutup, onuň jogaplaryny okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik.
— Alp Arslan, ilki bilen, ýeňşiňiz gutly bolsun. Söhbetdeşligimiziň başyny sizi çempionlyga ataran ýoluň ilkinji ädimleri baradaky gürrüňden başlaýaly?!
— Sag boluň! Baş üstüne. Ilkinji nobatda, sporta höwes bildirmegimde maşgalamyň uly ornunyň bardygyny belläsim gelýär. Sebäbi kakam öz wagtynda boks bilen meşgullanan, özümden uly agam hem, menden kiçi inim hem türgen. Garaz, maşgalam meniň sport bilen meşgullanmagyma itergi beren iň ilkinji mekdep diýsem ýalňyşmaryn. Erkin göreş bilen 7 ýaşymdan bäri meşgullanyp gelýärin. Ilkinji tälimçim öz agam, ýagny kakamyň inisi Maksat Baýramow bolup, häzire çenli hem şonuň tälim bermeginde ýaryşlara taýýarlanýaryn. 7-nji synpdan soňra Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatynda hem bilim aldym, hem sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini has içgin öwrendim. Häzirki wagtda Türkmen döwlet maliýe institutynda ýokary bilim alýaryn, şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde türgenleşýärin.
— Şu ýerde näme üçin sportuň beýleki ugurdaş görnüşlerini däl-de, erkin göreşi saýlandygyňyz barada hem durup geçäýseňiz!
— Muňa iň esasy sebäp — agam Maksat Baýramow. Onuň özi erkin göreş bilen meşgullanýardy. Men hem çagalykdan şonuň ýanyna gatnap, bu sporta imrinipdirin. Ýokarda belleýşim ýaly, bu sportuň köp tilsimlerini maňa öwreden halypam hem şol boldy.
— Alp Arslan, siz häzirki wagtda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň geljegine iň uly umyt bildirilýän zehinleriniň biri hasaplanýarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde-de, siz eýýäm erkin göreş boýunça halkara arenada iň üstünlikli çykyş edýän türkmen türgenleriniň hem biri. Şu wagta çenli gazanan halkara üstünlikleriňiz barada hem aýdaýsaňyz!
— 2022-nji we 2023-nji ýyllarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Rumyniýada geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W.Popovici» atly halkara ýaryşyň altyn medalyna iki gezek mynasyp boldum. Mundan iki ýyl ozal, 65 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda (U-17) Aziýanyň çempiony boldum. Geçen ýyl şol ýaryşda 71 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orny eýeledim. 2023-nji ýylda A.Azizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça açyk halkara ýaryşynda altyn medala mynasyp boldum. Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeledim. Şeýle hem iýul aýynda Taýlandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatyndan altyn medally dolandym. Iň soňky üstünligimi bolsa Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) gazandym. Onda dünýä çempiony bolup, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belentde parlatmak bagty miýesser etdi.
— Hawa, Ispaniýadaky ýeňşiňiz, hakykdatdan-da, türkmen sporty üçin taryhy ähmiýete eýe boldy. Bir tarapdan, siz erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony bolan ilkinji türkmen pälwany hökmünde taryha girdiňiz, ikinji tarapdan bolsa, ýaryşda garşydaşlaryňyzyň hiç birine ýekeje utuk hem bermediňiz. Siziň pikiriňizçe, şeýle üstünligiň syry azda-kände adyňyz bilenem bagly bolup bilermi? Bu at durmuşda-da, ýaryşlarda-da goşmaça jogapkärçilik duýgusyny oýarýan bolsa gerek...
— Dogry aýdýarsyňyz. Kakam maňa halkymyzyň şöhratly taryhyndaky iň beýik serkerdeleriň biriniň adyny dakypdyr. Şonuň üçin hem durmuşyň her bir pursadynda, ýaryşlardaky her bir tutluşykda özümi oňat tarapdan ýokary derejede görkezmek isleýärin. Başgaça aýtsam, adyma mynasyp bolmak üçin özümi elmydama edep-terbiýeli alyp barmaga synanyşýaryn, hemişe yhlas bilen türgenleşýärin. Şeýle bolansoň gazanan üstünliklerimde adymyň hem uly täsiriniň bolandygyna ynanýaryn.
— Türkmen janköýerleri geljekde sizden ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň we Olimpiýa oýunlarynyň altyn medallaryna garaşýarlar. Eýsem, siziň öz öňüňizde goýan maksatlaryňyz nähili?!
— Elbetde, meniň hem esasy maksadym ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynda we Olimpiýa oýunlarynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyndan orun alyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmak, Türkmenistanyň senasyny ýaňlandyrmak. Men bu maksatlara ýetmegi bize türgenleşmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, galyberse-de, ata Watanymyň öňündäki ödelmeli perzentlik borjum hasaplaýaryn. Nesip bolsa, öz üstümde yhlasly işläp, geljekde has uly halkara üstünlikler bilen türkmen janköýerlerini begendirjekdigime ynandyrýaryn.
— Alp Arslan, beren gürüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size täze-täze sport üstünliklerini arzuw edýäris!
— Sag boluň.
Mätgurban Mätgurbanow,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
«Biznes reklama».