Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ulag diplomatiýasy / Türkmen – owgan gatnaşyklaryna bagyşlanan okuw sapagy
    Türkmen – owgan gatnaşyklaryna bagyşlanan okuw sapagy surady
    30/11/-0001

    1665

    Türkmen – owgan gatnaşyklaryna bagyşlanan okuw sapagy

    2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Mazari-Şarif şäherindäki Konsuly Bazarbaý Kabaýewiň, şeýle-de institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ulag diplomatiýasy» boýunça okuw sapagy geçirildi.
    Konsul duşuşygyň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny belläp, bu babatda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigine ünsi çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Owganystandaky Konsuly ýurdumyzyň owgan halkynyň asuda we abadan ýaşamagyny gazanmakda berýän goldawynyň goňşy döwletiň ýerli ilaty tarapyndan çuňňur minnetdarlyk bilen kabul edilýändigini aýratyn belledi. Bazarbaý Kabaýew Türkmenistanyň Owganystandaky ykdysady ýagdaýy durnuklaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki halkara taslamalara uly üns berýändigini belläp, olaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisi barada gürrüň berdi.
    Tejribeli Konsul iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary barada gürrüň açyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag diplomatik gatnaşyklaryň önjeýli ösüşine hem ýokary baha berdi. Geçirilen täsirli okuw sapagy talyplar üçin gyzykly bolup, olar ulag diplomatiýasy bilen bagly, özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.

    Gülnar AKYLLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    LOGISTIKA ULGAMYNDA «EMELI AŇYŇ» GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINI ORNAŞDYRMAK ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    30/04/2026

    LOGISTIKA ULGAMYNDA «EMELI AŇYŇ» GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINI ORNAŞDYRMAK ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    «GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY (GDA) ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞ UGURLARY»  ATLY   OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    24/04/2026

    «GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY (GDA) ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞ UGURLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    23/04/2026

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI