Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen – Hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär
    Türkmen – Hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär surady
    30/11/2023

    909

    Türkmen – Hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan daşary syýasat ugry bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilendir.
    Halkara giňişliginde anyk ädimler bilen Türkmenistan çylşyrymly meseleleri diňe syýasy we diplomatik ýollar arkaly, esasan hem, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň üsti bilen çözmegiň tarapdarydygyny tassyklaýar.
    Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini döretmäge dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmaklyga uly ähmiýet berýär.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere Hytaý Halk Respublikasynda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Iki ýurdyň arasynda dostluk, özara ynanyşmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňyn tejribä we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan döwlet saparlary bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
    Türkmenistan bilen Hytaý milli ykdysadyýetlerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklaýan şertnama-hukuk binýadyny döretdiler. Şunda 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky bilelikdäki Jarnama, 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy” aýratyn nygtalmaly resminamalardyr.
    Bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy amala aşyryldy hem häzirki wagtda-da dowam etdirilýär.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.
    Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
    Hökümetara komitetiň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeli we hemmetaraplaýyn ösmeginde esasy faktor bolup, ýokary döwlet derejesindäki açyk, ynamly, netijeli we dostlukly dialogyň çykyş edýändigini bellediler, şeýle-de 2021-nji ýylyň noýabr aýynda onlaýn görnüşde geçirilen 5-nji mejlisden bäri geçen döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasynda gazanylan şertnamalaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilýändigini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek maksady bilen, Komitetiň mejlisiniň netijeleri boýunça iki ýurt tarapyndan ylalaşylan köp tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigini nygtap geçdiler.
    Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparlary bolsa dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

    Ýusup ULUGBERDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI