26/05/2025
208
TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY: YLYM BILEN DOSTLUGYŇ KÖPRÜSI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy
halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde täze sepgitlere çykýar. Şunuň bilen
baglylykda, 2025-nji ýylyň 21-24-nji maýynda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň wekillerinden düzülen toparyň Hytaý Halk
Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine amala aşyran sapary
hem şeýle mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bu sapar “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly
hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahat bilen utgaşyp,
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň mümkinçilik açdy. Saparyň ilkinji
günlerinde türkmen wekiliýeti dürli medeni çärelere işjeň gatnaşyp, özara
medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda möhüm başlangyçlar öňe
sürüldi .
Maslahatyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy
ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de täze ugurlarda ösdüriljekdiginiň
beýanyna öwrüldi. Onda iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim
ulgamynda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin
döredilýän mümkinçilikler, geljekki bilelikdäki ylmy-barlag taslamalar
dogrusynda özara pikir alyşmalar boldy.
Halkara maslahatda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary
ýurdumyzyň parahatçylyk, dostluk we ösüş ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasatynyň çäginde alnyp barylýan giň möçberli işler dogrusynda
giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çykyşlarda türkmen ýaşlarynyň
häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde
dürli hünärler boýunça bilim alýandyklary aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň çäklerinde “Northwest” uniwersitetiniň Beýik ýüpek
ýoluny öwreniş institutynyň Merkezi Aziýany öwreniş merkeziniň
düzüminde “Türkmenistanyň ylmy-barlag merkeziniň” açylmagy hem
möhüm waka öwrüldi. Bu merkez geljekde ylym ulgamynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki ýurduň alymlarynyň arasynda
tejribe alyşmakda täze mümkinçilikleri döreder.
Ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn
türkmen-hytaý gepleşikleriniň, tejribeleriň we teklipleriň bu saparyň
netijeli bölegi bolmak bilen, hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk
pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr.
Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar, pikir alyşmalar, ylmy
maslahatlar – bularyň ählisi dostlukly ýurtlaryň arasynda ylym-bilim
hyzmatdaşlygynyň barha giňelýändiginiň we berkeýändiginiň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi. Şeýle çärelere gatnaşmak ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň barha
ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu halkara derejeli çäre diňe bir bilim gatnaşyklary bilen
çäklenmän, eýsem, ruhy-medeni hyzmatdaşlygyň hem dabaralanmagyna
aýdyň ýol açdy. Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen
duşuşyklarda birek-biregiň tejribesine hormat goýmak, özara ynamy
pugtalandyrmak, ylmy hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmek ýaly meseleler
aýratyn bellenilip geçildi. Munuň özi halklaryň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary has-da berkidýän möhüm ugurlaryň biridir.
Türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda alyp baran işi
hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän üns-aladasynyň, halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatyndaky döwlet syýasatynyň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk etdi. Şeýle möhüm
saparlaryň dowamly bolmagy türkmen halkynyň döredijilikli ösüş
ýolunda öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle halkara
forumlara gatnaşmak ýurdumyzyň bilim işgärleriniň we ýaşlarynyň
dünýäniň ösen tejribesi bilen tanyşmagyna, öz garaýyşlaryny
giňeltmegine, täze ylmy mümkinçilikleriň we innowasion başlangyçlaryň
esasynda beýik ösüşleriň gazanylmagyna güýçli itergi berýär.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

29/05/2025
Укрепление связей через образование и диалог
26/05/2025
Выставка «Белый город Ашхабад»
26/05/2025
Parahatçylygy we dostlugy berkidip