Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
    Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy surady
    20/05/2024

    908

    Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

    15 — 19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy geçirildi.
    Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl «KazanForuma» 80-ä gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşdylar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçdi.
    Halkara ähmiýetli çärä Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar nebit-gaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda durmuşa geçirilýän ähmiýetli işler dogrusynda nygtadylar.
    Ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilen «KazanForumyň» maksady Russiýa Federasiýasy bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
    Forumyň çäklerinde Russiýanyň iň iri halal platformasy bolan «Kazan Halal Market» sergisi geçirildi. Onda dünýä döwletlerinden gelen wekiller 4,5 müňden gowrak görnüşli önüm görkezdiler. Has dogrusy, sergide azyk we azyk däl önümler, lomaý we bölek söwda, inženerçilik, gurluşyk, moda we gözellik, maliýe we maýa goýum pudagyndaky halal hyzmatlar, syýahatçylyk, bilim, IT we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapdy.
    Ýurdumyzyň bu wekilçilikli sergä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, dünýäniň halal önümler bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmäge ýardam berer.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat, raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, ýolgurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar.

    Sülgün NEPESOWA,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti -20.05.2024 ý. // 
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/149160

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI