30/11/-0001
661
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ulag ulgamyndaky mümkinçilikleri
2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde (TDMUOM) Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Gurbanow bilen institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ulag diplomatiýasy» boýunça duşuşyk geçirildi.
Ilçi duşuşygyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny belläp, bu babatda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäginde, hususan-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly boýunça iki goňşy döwletiň netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Ilçi Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.