06/12/2023
1088
TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ DABARASY ÝAŞLARYŇ ÜSTÜNLIGINDE ŞÖHLELENÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz mazmun taýdan has-da çuňlaşdy. Şu ýyl ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ilkinji gezek ykrar edilenine 28 ýyl dolýar.
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary insitutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilýän “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlige beslenen dabara Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle-de «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijisi, Hytaýyň kommunikasiýa uniwersitetiniň aspiranty Fei Peng, şol bäsleşigiň ýeňijisi Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň magistranty Tuwakmyrat Tuwakow sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň ösüş tejribesiniň mysalynda halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda täze garaýyşlaryň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk taglymatyny durmuşa ornaşdyrmakda bitirilýän işler, öňe sürülýän başlangyçlar halkara ähmiýetliligi bilen giň goldaw tapýar. Institutyň höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar ýygnananlarda göwün göteriji ýagdaýy döretdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylym-bilim we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-nji iýuny aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine Diplomlar şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orunlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Hytaýyň kommunikasiýa uniwersitetiniň, 2-nji orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň, Samarkant döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, 3-nji orunlara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň ylym bilen meşgullanýan ýaşlarynyň, aspirantlarynyň, magistrlatlaryň birnäçesi ýeňiji boldy.
Dabaranyň ahyrynda mähriban Watanymyzyň bagtly eýýamyna, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege gadam urýan ýurdumyza bolan buýsanç duýgulary beýan edildi.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň uly mugallymy.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz: