Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
        • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2024-nji ýyl boýunça görkezijileri I
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi / Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar
    18/12/2023

    1529

    Türkmen bilermenleri terrorçylyga garşy çäreler baradaky maslahata gatnaşdylar

    Soňky onýyllyklarda terrorçylyga garşy meseleler halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän meselä öwrüldi. Bu howpuň öňüni almakda we onuň esasy sebäplerine düşünmekde öňegidişlik gazanylsa-da, terrorçylyk halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan iň uly howplaryň biri bolup galýar.
    Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda türkmen hünärmenleri üçin Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy irki duýduryş torunyň çäginde sebitleýin seminar geçirildi. BMG-nyň Terrorçylyga garşy edarasy (UNOCT), Merkezi Aziýanyň Öňüni alyş diplomatiýasy merkezi (UNRCCA) we Parahatçylyk we ösüş gaznasy tarapyndan guralan bu seminara ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezinden wekiller çagyryldy.
    Çäräniň maksady hukuk goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň, beýleki ygtyýarly sebit guramalarynyň bilermenleriň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy giňeltmek bolup durýar. Ýagny, seminar terrorçylyga garşy göreşde sebit mehanizmlerini güýçlendirmek we terrorçylyga garşy täsirli strategiýalary, terrorçylyk wehimlerine garşy ýeterlik derejede gaýtawul bermek boýunça degişli çäreleri işläp düzmäge gönükdirilendir.
    Maslahata gatnaşyjylar sebit derejesinde irki duýduryş torunyň işi üçin mundan beýläkki ädimleri hem ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem bu ugurdaky dürli çeşmelerden gowuşýan maglumatlary seljerip, olara baha bermek we dogry netije çykarmak boýunça gyzgalaňly diskussiýalar edildi.
    Maslahatda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, serhet howpsuzlygy, internetde radikalizme garşy durmak, kiberhowpsuzlyk barada, şeýle hem zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda metbugatyň we dini guramalaryň roly ýaly meseleleriň üstünde durulyp geçildi.
    Terrorçylyk hereketleriniň tehnologiki özgerişler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşi we tiz ösýän IT tehnologiýalarynyň fonunda maglumat ýaýratmagyň usullary babatynda hil taýdan täze görnüşlere eýe bolýandygy, aýratyn-da täsirli garşylyklaýyn çäreleri talap edýändigi bilermenler tarapyndan bellendi.
    Maslahat hukuk goraýjy edaralaryň, gümrük we serhet gullularynyň we beýleki degişli edaralaryň bilermenleri üçin oňyn tejribe alyşmak jähtinden gaty peýdaly boldy. Çäräni gurnaýjylar we türkmen wekilleri maslahatyň guralandygy we işjeň gatnaşylandygy üçin birek-birege hoşallyklaryny bildirdiler.

    Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Strategik barlaglar boýunça merkeziniň
    ylmy işgäri Döwletmyrat MÄMMEDOW

    Soňky täzelikler

    Термезский диалог: «Взаимосвязанность – это не просто термин, а жизненно важный смысл» surady

    21/05/2025

    Термезский диалог: «Взаимосвязанность – это не просто термин, а жизненно важный смысл»
    Политические и стратегические итоги центральноазиатского турне Гурбангулы Бердымухамедова surady

    27/04/2025

    Политические и стратегические итоги центральноазиатского турне Гурбангулы Бердымухамедова
    Здравоохранение Афганистана: вызовы, успехи и перспективы surady

    25/04/2025

    Здравоохранение Афганистана: вызовы, успехи и перспективы
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI