Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar
    Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar surady
    27/06/2023

    1004

    Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer dașary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan döwletimiz bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk alan ilkinji gününden bäri bu ýörelgäni şygar edip gelýär. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatymyz uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasaty ugrunda hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalary bilen ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ygtybarly gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini günsaýyn giňeldýär. Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriniň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Asyrlar boýy goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we eýran halklarynyň taryhynda, medeniýetinde ösüşinde umumylyklar, meňzeşlikler köpdür. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky strategiki we giňmöçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň ýerli önümçilik haryt nyşanly hususy kompaniýalary 2023-nji ýylyň 12-14-nji iýul aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “F- Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar. Bu azyk senagatynda ýylda geçirilýän çäre dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan sergä gatnaşyjylary özüne çekýär. Birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, “Arçalyk”, “Kilwan”, “Altyn Ýunus”, “Parasatly”, “Balşeker”, “Ak Gar”, “Mähriban-Merw”, “Täze Aý”, “Balam”, “Sada”, “Tükel”, “Mekan”, “Misgär” we “Altyn Şöhle” ýaly türkmen brendleri hem sergä gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi. “F-Istanbul” atly halkara sergide azyk, içgi, konditer önümleri, azyk önümleriniň düzümleri we gaplama, şeýle hem dükan enjamlary we dükanlaryň dizaýnynda soňky gazananlary görkeziler. Bu halkara sergi täze täjirçilik we bazar gatnaşyklaryny döretmek üçin öndürijileri, eksportçylary, importçylary, lomaý satyjylary we paýlaýjylary bir ýere jemlär. Serginiň esasy maksady azyk senagatynda hyzmatdaşlygyň halkara platformasyna öwrülmekdir. “F-Istanbul” atly halkara sergä ýerli önümçilik haryt nyşanly hususy türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagy, türkmen önümleriniň dünýä bazaryna çykarylmagyna goşant goşýar we täze hyzmatdaşlyk gurmak hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikler döredýär. Bu sergi türkmen brendlerini tanatmaga we täze maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer. Bu ýerde azyk we azyk däl önümler, lomaý we bölek söwda, inženerçilik, gurluşyk, moda we gözellik, maliýe we maýa goýum pudagyndaky halal hyzmatlar, syýahatçylyk, bilim, IT we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ýetilen sepgitler görkeziler. Türkmenistan we Türkiýe bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýyny belende götermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Çeşme:
    https://business.com.tm/ru/post/10333/turkmenskie-predprinimateli-primut-uchastie-v-mezhdunarodnoi-vystavke-fistanbul

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI