Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkiýäniň dünýä derwezesi
    Türkiýäniň dünýä derwezesi
    Türkiýäniň dünýä derwezesi
    Türkiýäniň dünýä derwezesi
    15/10/2024

    1188

    Türkiýäniň dünýä derwezesi

    ýa-da dünýäni «geýindirýän» türk markalary
    Türkiýe taryhda-da, häzirki günlerde-de özüniň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen meşhurlyk gazandy. Oba hojalyk, dokma senagaty, gurluşyk, öý-hojalyk harytlarynyň, tehnikalarynyň önümçiligi ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýurduň dokma pudagyna-da aýratyn orun degişli. Çünki gözbaşyny Osman imperiýasyndan alyp gaýdýan dokmaçylyk häzirki günlerde hem Türkiýäniň milli ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýar. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrlarynda ýurduň Denizli, Tokat, Bursa welaýatlarynda dokma fabrikleri işledilipdir. 1915-nji ýylda ýurduň çägindäki dokma pudagynda iş alyp barýan kärhanalaryň sany 73-e ýetirilipdir.
    Dünýäniň taýýar egin-eşik pudagynyň möhüm öndürijileriniň biri bolan Türkiýe bu ugurda dünýäde 6-njy, Ýewropada 3-nji üpjün ediji ýurt hasaplanýar. Ýurduň 3-nji möhüm eksport önümi bolmakdan başga-da, 81 welaýatynda hereket edýän 62 müň kärhanasy, 643 müň gowrak iş üpjünçiligi bilen Türkiýäniň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolmagynda galýar. Ýeri gelende bellesek, türk eksportçylary ýygnagynyň hasabatyna görä, ýurduň taýýar egin-eşik pudagynda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 19,3 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazanyldy. Şunda pudagyň umumy ekportdaky paýy 7,5 göterime ýetip, awtoulag pudagy we himiýa senagatyndan soň 3-nji orna ýerleşdi. Hasabat döwründe eksportyň 59,9 göterimi Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna ugradyldy. Taýýar türk egin-eşikleriniň esasy müşderileriniň hatarynda Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň, Saud Arabystanynyň atlary agzalýar.
    Ykdysadyýete ýetirýän oňyn täsirini nazarda tutup, gazetiň şu sanynda «Türkiýäniň dünýä derwezesi» diýlip atlandyrylýan ýurduň taýýar egin-eşik pudagynda hereket edýän dünýä belli markalary barada gürrüň etmegi makul hasapladyk.

    «LC Waikiki»: gowy geýinmäge her kimiň haky bar
    1988-nji ýylda fransuz asylly üç hyzmatdaş tarapyndan döredilen «LC Waikiki» söwda ýoluna lomaý söwda markasy hökmünde başlaýar. Parižde döredilen we hasaba alnan «LC Waikiki» ilkinji gezek köýnekçe dizaýny bilen taýýar egin-eşik bazaryna girýär. Wagtyň geçmegi bilen, markany esaslandyryjy iki hyzmatdaşyň işden aýrylmagynyň netijesinde kompaniýa ýeke-täk paýdar hökmünde Jorj Amouýala geçýär. 1997-nji ýylda bolsa häzirki «LC Waikikiniň» öndürijisi we türk ygtyýarnamasy bolan «Taha» toparyna degişli «Tema Tekstil» kompaniýasy bu markanyň ähli dünýä hukuklaryny satyn alýar. Şeýlelikde, dünýä belli «LC Waikiki» brendi Türkiýäniň ygtyýaryna geçýär.
    Häzirki günde 5 yklymyň 82 ýurdunda 1050-den gowrak dükany bilen dünýäniň egin-eşik bazarynda öňdäki orny eýeleýär. Kompaniýanyň dükanlarynda 55 müňe golaý hünärmen zähmet çekýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça «LC Waikiki» kompaniýasynyň diňe eksportyndan alan girdejisi 1,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Kompaniýanyň lcw.com resmi internet dükany bolup, häzirki wagtda onuň müşderileriniň sany 16 milliondan geçýär. Satyn alyjylara sanly söwda dükany arkaly, 230 müňden gowrak önüm hödürlenýär. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda kompaniýanyň diňe internet dükanynyň söwdasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 62 göterim ýokarlandy.
    Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýyldan bäri, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde hem «LC Waikiki» kompaniýasynyň resmi dükany hereket edýär. Onda zenanlara, erkeklere, çagalara niýetlenilen köpdürli harytlar bolup, dükanyň hünärmenleri müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, «1 haryt alana, 1 haryt mugt» aksiýasyny, 20 göterimlik arzanlaşyklary yzygiderli geçirýärler. Şeýle-de türkmenistanlylar üçin «LC Waikiki» dükanynyň harytlaryny «Asmanexpress» onlaýn platformasynyň «Asmanshop» bölüminden satyn almak mümkinçiligi hem ýola goýlan. Onlaýn platfroma arkaly, kompaniýanyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterimlik «cash back» we 90 minudyň dowamynda eltip bermek hyzmatlary hereket edýär.

    «DeFacto»: elýeter moda
    Global türk markasyna öwrülmek maksady bilen, moda syýahatynda tagallalaryny gaýgyrmadyk «DeFactonyň» häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda 500-e golaý dükany we onlaýn bazary müşderilere taýýar egin-eşik, aýakgap ýaly ýokary hilli önümlerini hödürleýär. Ýeri gelende, «DeFactonyň» Aşgabat şäherinde hem 2 dükanynyň müşderilere hyzmat edýändigini bellemelidiris. 2004-nji ýylda ýola düşen kompaniýanyň şahamçalarynda 15 müňden gowrak işgär zähmet çekýär. Kompaniýa dürli ýaşdaky alyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, «DeFacto BABY», «DeFacto KIDS», «DeFacto FIT», «DeFacto COOOL», «DeFacto LIFE», «DeFacto MODEST», «DeFacto PLUS», «DeFacto STUDIO», «DeFacto LIFE» haryt nyşanly dürli görnüşli eginbaşlary, torbalary, aýakgaplary we beýleki aksessuarlary öndürýär. «Elýeter moda» düşünjesini esaslandyryjy hökmünde tanalýan «DeFacto» dürli gatlakdaky müşderilerine ýokary hilli önümlerini elýeterli bahalardan hödürleýär.
    Maglumat üçin, «DeFacto» 2022-nji ýylda dünýäniň 11 ýurdunda, ýagny Türkmenistanda, Kamerunda, Kongoda ilkinji açylan dükanlarynda, Indoneziýada, Çilide, Hindistanda, Irlandiýada, Çehiýada, Slowakiýada, Litwada, Günorta Afrikada bazarlar bilen hyzmatdaşlykda önümlerini satyp başlady.
    2023-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň «DeFacto» kompaniýasyna 1,1 milliard türk lirasy möçberinde goýan maýa goýumynyň netijesinde bolsa, «DeFacto» işini has-da çaltlandyryp, 2027-nji ýyla çenli dünýäniň ýene 80-den gowrak döwletinde söwda şahamçalaryny açmagy meýilleşdirýär.

    «Penti»: zenanlaryň birleşigi
    2011-nji ýylda Rumyniýada ilkinji halkara dükanyny açan «Penti» 2012-nji ýylda dünýä ägirdi «Carlyle Group» bilen hyzmatdaşlykda dünýä markasyna öwrülmekde möhüm ädim ätdi. Häzirki wagtda 34 ýurtda, takmynan, 200 dükany bolan «Penti» önümlerini dünýäniň köp ýerlerinde, esasanam, Balkan ýurtlarynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Saud Arabystanynda, Beýik Britaniýada, Mongoliýada satýar. Ýewropanyň iň uly önümçilik kompaniýalarynyň biri bolan «Pentide» 84,7 göterimlik zenan dolandyryjy gatnaşygy, 90,1 göterimlik zenan işgär gatnaşygy bolup, kompaniýa bu babatda dünýäniň iň öňdebaryjysy hasaplanýar.
    Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda «Pentiniň» Aşgabat şäherinde hem 3 sany resmi dükany hereket edýär.

    Sahypany taýýarlan:
    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
    «Biznes reklama».

    Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 14.10.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/166959

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI