09/12/2023
698
TRASEKA-NYŇ TÄZE ULAG-KOMMUNIKASIÝA UGRUNY DÖRETMEKDÄKI MÜMKINÇILIGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda emele getirilen häzirki zaman ulag infrastrukturasy milli we halkara derejedäki ulag-logistik hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag gatnawlarynyň taslamasyny amala aşyrmak bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” hereket etmegi hem-de ulag babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga, olaryň täze ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde geografik taýdan örän amatly – Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa geçelgesini (TRASEKA) ösdürmek üçin halkara ulaglary baradaky köptaraplaýyn şertnama resmi taýdan goşulmak ugrunda işjeňlik görkezýär. Türkmenistan döwletimiz TRASEKA Maksatnamasynyň çäginde Türkmenbaşy-Baku deňiz duralgalarynyň üsti bilen multimodal üstaşyr ýük daşamagy dowam edýär. Halkara ýükleriň akymlaryny Ýewropa ýurtlaryndan, Kawkazdan soň Aziýa geçirýär we şondan soňra yzyna ugrukdyrýar.
Häzirki wagtda Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesiniň Türkmenistanyň çäginden geçirilmeginiň birnäçe artykmaçlyklary bar. Ýurdumyzda gurlup, ulanylyşa berlen demir ýollar, awtomobil ýollar, şeýle hem halkara howa menzilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamalaryny gysga wagtda hem-de ulag çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çägi boýunça TRASEKA ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça şu aşakdaky ugurlar hereket edýär:
– Gazagystan – Türkmenbaşy – Eýran ugry;
– Türkmenbaşy – Gyzylarbat – Aşgabat – Tejen – Mary – Türkmenabat ugry;
– Özbegistan – Daşoguz – Aşgabat – Eýran ugry.
Ýurdumyzda ýokarda sanalan ugurlar boýunça multimodal ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çänli awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky köprüniň, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy ýurdumyzyň TRASEKA halkara ulag-üstaşyr geçelgesine işjeň goşulmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
Bakudan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna, şondan soňra yzyna çenli aralyk, Bakudan Eýrana çenli ugur boýunça aralykdan 1400 km gysga. Munuň özi ýangyç we beýleki ulag-üstaşyr çykdajylary köp mukdarda azaltmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Baku – Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ugry ýük awtoulaglarynyň Türkiýeden hem-de Kawkaz döwletlerinden Merkezi Aziýa çenli iň gysga ugur bolup durýar. Soňra Türkmenbaşy halkara deňiz porty demir ýol magistraly boýunça Özbegistana, soňra Gazagystana we deňze çykalgasy bolmadyk beýleki döwletlere hem-de Hytaýa ýükleri daşamaga mümkinçilik bar. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýoly Türkmenbaşydan başlanýan iri ulag magistralynyň birine öwrüler. Munuň özi Türkmenbaşy – Gazagystan ugry boýunça ýük daşamalaryny netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
TRASEKA ugry boýunça söwda we üstaşyr mümkinçiliklere baha bermekde SWOT seljermesi giňden peýdalanylýar. SWOT seljermesi boýunça kriteriýalara baha bermek 1-nji tablisada berlen.
1-nji tablisa
SWOT seljermesi boýunça kriteriýalara baha bermek
Güýçli taraplary | Iri sebit we halkara guramalarynda agza bolmagy;
Halkara demir ýol ýük daşamalary boýunça gazanylan ylalaşyklar; Ulag ulgamy
boýunça halkara konwensiýalaryň tassyklanylmagy; “LOGMOS” maksatnamasynyň
çägindaki döwletler bilen ulag we gümrük meseleleri boýunça ikitaraplaýyn
ylalaşyklaryň gazanylmagy; Ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda
milli taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi |
Gowşak taraplary | Esasy halkara konwensiýalaryna we kadalaşdyryjy
hukuk gurallaryna goşulyşmazlyk; Gümrük we söwda işlerini kämilleşdirmek hem-de
ýeňilleşdirmek babatdaky özgertmelere goşulyşmakda ýüze çykýan meseleler;
Serhetýaka nokatlarynyň uly göwrümli ýük akymlaryny geçirmäge ukypsyzlygy,
munuň bolsa gümrük we beýleki serhetýaka gulluklarynda ýüze çykýan töwekgelçilikleriň
elektron barlagyny geçirmekde bökdençiligi döretmegi; Elektron görnüşindäki
anyk eksport we import deklarasiýalarynyň ýoklugy |
Mümkinçilikleri | Söwda we üstaşyr gatnawlary üpjün etmek boýunça
strategiýalaryň işlenip taýýarlanmagy; Söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi |
Howplary | Söwda we ulag ulgamlary boýunça halkara
konwensiýalaryna goşulyşmak meselesinde anyk çözgütleriň kabul edilmezligi;
Gümrük we beýleki serhetýaka wedomstwolarynda ylalaşyksyz çözgütler netijesinde
ýükleriň saklanylmagy we çykdajylaryň artmagy |
TRASEKA ulag-üstaşyr geçelgesiniň mükinçiligini ýokarlandyrmak babatda konteýner ýük daşamalaryny ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Konsepsiýanyň işlenip taýýarlanmagy netijesinde birnäçe wezipeler kesgitlenen. Konsepsiýanyň çäklerinde TRASEKA ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça konteýner daşamalarynyň tariflerini hasaplamakda ýeke-täk usulyýet işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa ýük daşamalaryny ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda
«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri»
atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolan,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Ýusup Myradow