Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Teoriýadan — tejribelige
    Teoriýadan — tejribelige surady
    21/07/2024

    1277

    Teoriýadan — tejribelige

    Watanymyzda ýaş žurnalistlere döredilýän mümkinçiliklerden köňlümiz ganatlanyp, biz hem tanyşlyk tejribeligimizi has-da mazmunly geçirmek maksady bilen, institutymyzyň okuw studiýasynda gyzgalaňly işleri alyp barýarys. Tutuş bir ýylyň dowamynda halypa mugallymlarymyz tarapyndan nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribe üsti bilen berkitmegimiz bizi has-da kämilleşdirdi.
    Her gün säher bilen irdenki nyzamdan soňra, institutymyzda tejribelige bellenen talyp deň-duşlarymyz bilen okuw studiýamyzda ýygnanyşyp, günüň dowamynda ýerine ýetirmeli işlerimizi ara alyp maslahatlaşýarys. Gysgajyk ýygnanyşykdan soňra her kim öz işine gümra bolýar. Geliň, olaryň käbirleriniň edýän işleri bilen tanyş bolalyň:
    Humaý Meredowa — «Adobe Premiere Pro» programmasynda ussat halypa diplomatymyz Amangeldi Rahmanowyň 80 ýaş ýubileýine bagyşlanan dokumental filminiň kebşirleme, bezeg we dizaýn işlerini ýerine ýetirýär.
    Amangeldi Ýegenow — «Ussat» dokumental filmler taslamasynyň halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligine bagyşlanan täze sanynyň soňky pursatlarynyň üstünde işleýär. Oňa ýakyn wagtda tomaşa edip bilersiňiz!
    Döwletgeldi Borjakow we Serdar Borjakow — bilýänsiňiz, olar biziň institutymyzyň «gözli şaýatlary», olar häzirki zaman kamera enjamlaryna ussatlyk bilen erk edip, tejribelik döwründe özleriniň täze şägirtlerini taýýarlaýarlar.
    Geldimyrat Tagyýew — «3D MAX» programmasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň täze çap edilen kitabynyň animasiýa we dizaýn işini ýerine ýetirýän bolsa, Seýran Sopyýew dürli saýtlardan Watanymyzda, sebitde we dünýäde bolup geçýän möhüm wakalary yzarlap, «Hepdäniň habarlary» gepleşiginiň täze sanyna taýýarlyk görýär, men bolsa Humaý Meredowanyň ýardamy bilen «Hepdäniň habarlary» gepleşiginiň kebşirleme we bezeg işleriniň ýerine ýetirilişini öwrenýärin.
    Okuw studiýamyzyň agzalary diňe bular bilen çäklenmeýär, wideo şekilleriniň kebşirleme işleriniň inçe syrlaryny öwrenmek isleýän höwesekler hem az däl, kimsi radioýazgy bilen, kimsi täze makala ýazmak bilen, kimsi bolsa surat bezeginiň işleri bilen gümra. Garaz, her kim tomusky dynç alşyna gaýtmazyndan ozal, okuw studiýamyzyň işine özüniň goşandyny goşmak bilen başagaý. Biz bolsa, talyp deň-duşlarymyza mundan beýläk-de has hem kämilleşip, okuwlarynda, işlerinde uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýjak, öz işine erjel, kämil žurnalistler bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.

    Aýsona AMANJAÝEWA,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    «Ýaş diplomatyň sesi» 2024-nji ýylyň 20-nji iýuly. Ýörite tejribelik sany.
    "Ýaş diplomatyň sesi" internet gazeti, Ýörite tejribelik sany 20.07.24 (iirmfa.edu.tm)

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI