03/02/2025
37
Tejribe — kämillik (Bilimden ýol ýasap)
Bir okan kitabyňy iki-üç gezek okamak şol bir zady gaýtalamak däl. Bu öň düşünip bilmedik ýerleriňi gaýtadan özleşdirmäge şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär tejribeligi hem nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir. Dünýä ylmynyň tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak, netijede bolsa, ýaşlara berilýän bilimi has-da çuňlaşdyrmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» we beýleki döwlet maksatnamalaryna aýratyn orun degişlidir. Halkara tejribäniň kämilligiňi artdyrmakdaky ähmiýetine ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçip gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen söhbetdeş bolanymyzda has-da aýdyň göz ýetirdik. Biz hem olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Yhlas ATAMYRADOW,
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde ýerleşýän Baş konsullygymyzda önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk durmuşymyzda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Munuň özi biz — geljekki halkaraçy žurnalistler üçin kämillik mekdebidir. Tejribelik döwründe institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, şeýle hem resmi internet saýtlarynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş etdik. Boş wagtlarymyz bolsa Magtymguly Pyragynyň, Omar Haýýamyň, Ferdöwsiniň aramgählerine zyýarat etdik, meşhur Ymam Reza metjidine baryp gördük, taryhda uly yz goýan Maşat, Nişapur şäherleriniň gadymy ýerlerine gezelenç etdik. Biz geljekde hem özümize bildirilýän beýik ynama diňe ýeňişlerimiz bilen jogap bereris. Ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Akgözel RASULOWA,
halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri institutymyzyň 5-nji ýyl talyplary döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Maňa hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Tejribelik döwrümizde diplomatik wekilhananyň alyp barýan işleri, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň binýatlyk esaslary, şeýle hem ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyk. Astana şäherinde geçirilen okuw maslahatlaryna, konferensiýalara hem-de ilçihananyň wekilleri bilen bilelikde resmi duşuşyklara gatnaşmagymyz hünärimize bolan söýgimizi has-da artdyrdy. Täze taryhy döwrümizde beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Tejribe hemme ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, diplomatik ulgamda bu has möhüm. Biz her ýyl öz hünärimize görä degişli ýerlere tejribelige ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris. Talyplygymyzyň soňky ýylynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Daşkent şäherine gelen ilkinji günümizden başlap, ykbalymyzy täsirli wakalar gurşady. Tejribeligiň dowamynda ilçihanada dürli çäreler guralyp, öz saýlap alan hünärimiz bilen bagly iş endiklerini özleşdirdik. 12 hepdelik önümçilik tejribeliginiň halypa mugallymlarymyz tarapyndan berlen nazary bilimleriň amalyýetde uly itergi beriji güýçdügine aýdyň göz ýetirdik. Diňe bir tejribe toplamak bilen çäklenmän, eýsem, özbek halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary we türkmen halky bilen meňzeşliklerini öwrendik. Biz — ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almagymyz üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Aýna BABAÝEWA,
halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Ýagşy umytlar, beýik maksatlar bilen 2025-nji ýyla gadam basdyk. Bu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biz — geljekki halkaraçy hünärmenleri has-da buýsandyrýar. Geçen ýylymyz hem taryhy wakalara beslenip, şunda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmegimiz ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Biz täjik paýtagtynda — Duşenbe şäherinde geçirilen XII halkara kitap sergisinde ýurdumyzyň pawilýonyna wekilçilik etdik, halkara tans festiwalyna gatnaşdyk, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan brifingde çykyş etdik. Aýratyn hem, dostlukly döwletiň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdepde täjik ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýarys. Döredilýän şeýle ajaýyp şertler biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklarymyzy kämilleşdirmegimizde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme:"Nesil" gazeti-01.02.2025ý // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/180352