Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÄZE TEJRIBELER WE ANYK TEKLIPLER
    TÄZE TEJRIBELER WE ANYK TEKLIPLER
    TÄZE TEJRIBELER WE ANYK TEKLIPLER
    09/05/2024

    846

    TÄZE TEJRIBELER WE ANYK TEKLIPLER

    Türkmen wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw saparynda boldy
    Syýasaty öwreniş ylmynda islendik iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary syýasy şertlerdir döwrüň talaplary esasynda aýry-aýry ösüş tapgyrlaryna bölýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ugurly gazanylýan ylalaşyklar, ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar häzirki taryhy eýýamda hil taýdan täze derejelere çykýar. 2024-nji ýylyň 24-nji apreli — 6-njy maýy aralygynda türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Waşington şäherine we Kaliforniýa ştatyna amala aşyran okuw sapary hem halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, özara pikir we tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.
    Amerika — jahankeşdeleriň arzuwy
    Biziň okuw saparymyzyň täze başlangyçlara, täze gözýetimlere badalga beren sapar bolandygyny turuwbaşdan nygtan ýagşy. Döredijilik işgärlerinden ybarat bolan wekiliýetimiz amerikan paýtagtynda — Waşington şäherinde mähirli garşylandy. 25-nji aprelde bu ýerdäki ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynda Halkara ýolbaşçylyk üçin kongres edarasynyň (Congressional Office for International Leadership (COIL) guramagynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda amerikan bilermenleri çykyş edip, «Open World» maksatnamasy we onuň halkara ähmiýeti, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygy, amerikan medeniýeti barada gürrüň berdiler. Şeýle hem şol gün Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Kapitol binasynyň ýanyna hem-de Ak öý binasynyň ýanyna gezelenç guraldy.
    Ýuwaş ummanynyň kenarynda...
    Okuw saparymyzyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gezelençleriň aglabasynyň Ýuwaş ummanynyň kenarynda ýa-da ABŞ-nyň 31-nji ştatynda — Kaliforniýada göz öňünde tutulmagy diýseň ýerliklidir. Ýerli ilat tarapyndan «altyn ştat» diýilýän, ýurduň günbatarynda ýerleşýän, iň köp ilatly ştat hasaplanýan Kaliforniýada, takmynan, 75 milletiň wekili ýaşaýar. Bizi aýratyn geň galdyran ýagdaý, her ştatyň özüne mahsus resmi şygarynyň bolmagy. Kaliforniýanyň şygary — «Ewrika». Bu söz taryhçylara we matematiklere juda tanyş bolsa gerek. Sebäbi bu söz gadymy grek matematigi, fizik we oýlap tapyjy Arhimediň rowaýata öwrülen sözi. «Tapdym!». Kaliforniýanyň hut şu söz bilen atlandyrylan şäheri hem bar: Ýurika (iňlisçe «Eureka»). Kyn mesele çözülende şatlygy aňlatmak üçin aýdylan bu söz Amerikanyň bu ştatynyň taryhda we häzirki zaman dünýäsinde möhüm orna eýedigini aňladýar. Türkmen wekiliýeti bu maglumatlar bilen Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherine guralan gezelenjiň dowamynda tanyşdy.
    Maksatnama gatnaşyjylar Kaliforniýanyň Konkord şäherindäki «Rotari-klubyň» agzalarynyň öýlerinde ýerleşdirildi. 28-nji aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Sakramento şäherine tanyşlyk sapary amala aşyryldy. Sakramento şäherinde maksatnama gatnaşyjylar «Rotari-klubyň» agzalarynyň konferensiýasyna gatnaşdylar we bu jemgyýetçilik guramasynyň alyp barýan işi bilen tanyşdylar. Uolnat-Krik şäherine guralan gezelenç hem diýseň täsirli boldy.
    Özara tejribe — kämillige binýat
    Okuw saparynyň dowamynda žurnalistler üçin baý maksatnama göz öňünde tutulypdyr. 29-njy aprelde San-Fransisko şäherinde ýerleşýän «Mother Jones Magazine» («Матушка Джонс») žurnalynyň redaksiýasy bilen tanyşlyk guraldy. Žurnalyň baş redaktory Monika Baurleýn žurnalyň alyp barýan döredijilik işi bilen tanyşdyrdy. Soňra wekiliýet San-Fransiskoda ýerleşýän uniwersitetiň KHBS we žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary bilen söhbetdeş boldular.
    30-njy aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Prezant-Hill şäherinde ýerleşýän Diablo jülgesi kollejiniň kommunikasiýanyň we žurnalistikanyň serişdeleri bölüminiň mugallymlary we talyplary bilen guralan söhbetdeşlik hem baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy. «The Inquirer» gazetiniň baş redaktory Maýkl Lewitin gazetiň gurluşy we onda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra wekiliýet dürli gazet-žurnallaryň redaktorlary, ýazyjylar we döredijilik işgärleri bilen duşuşdy.
    San-Fransisko şäherinde ýerleşýän «ABC7» teleýaýlymynyň işgärleri, Pittsburg şäheriniň Los Medanos kollejiniň kommunikasiýa we žurnalistika bölüminiň mugallymlary, Benisia şäheriniň kitaphanasynda dürli gazet-žurnallarynyň redaktorlary we döredijilik işgärleri, San-Rafael şäherinde ýerleşýän «Marin Independent Journal» gazetiniň, «The Clayton Pioneer» gazetiniň baş redaktorlary we döredijilik işgärleri bilen guralan duşuşyklar has-da täsirli boldy. Munuň özi amerikan kärdeşlerimiz bilen özara pikir we tejribe alyşmakda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde örän netijelidir.
    Umuman, türkmen wekiliýetiniň «Open World» maksatnamasy esasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna üstünlikli amala aşyran okuw sapary birek-birege gadyrdanlygyň sapary bolmak bilen, dostlukly hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.

    Mähriban GANDYMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI