Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Taryh
    Taryh surady
    19/02/2024

    496

    Taryh

    Türkmeniň meşhur taryhy şahsyýetleri, olaryň bitiren edermenlikleri ýaş nesil üçin görelde we terbiýe mekdebidir. Redaksiýamyza gelip gowşan köpsanly haýyşlary kanagatlandyrmak maksady bilen, gazetimizde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Meşhur türkmen serkerdeleri» atly makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
    Oguz han — türkmen milletiniň nesilbaşysy, dünýäde ilkinji türkmen döwleti bolan gadymy Oguz döwletiniň düýbüni tutujy, türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň ruhy ýolbaşçysy. Oguz han Türkmen dünýä öz elipbiýini, ak bugdaýyny, arabany, türkmen halysyny, gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleri, gamyşgulak bedewini, şol wagt dünýäde deňi-taýy bolmadyk harby sungatyny beren türkmen halkynyň nesilbaşysydyr. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Şahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz han kakasy bilen gapma-garşylyga girip, kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüpdir. Täze bir ynanja gol ýapypdyr. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyň, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyň tarapynda bolupdyr.
    Erkil hoja Oguz hanyň weziri, Gün hanyň bolsa geňeşdary we iş dolandyryjysy bolýar. Oguz han Türkmen ýogalandan soňra onuň wesýetine laýyklykda Gün han tagta çykýar. Erkil Hoja Gün hanyň ýanynda işleýär. Erkil hojanyň düzen tertip-düzgünnamasynda toý-baýramçylyklarda, nahar iýlende Oguz kowumlary dawalaşmaz ýaly, her şahanyň paýyna etiň haýsy ülşüniň degişlidigi takyk kesgitlenýär.
    Oguz han Türkmeniň Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han diýen ogullary bolýar. Her oglunyň hem dört ogly bolýar. Oguz hanyň 24 agtygynyň hersiniň tagmasy, guşy we süýegi bardyr. Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna dakan atlarynda onuň dünýä bolan garaýşynyň alamatlary görünýär: Asman gözelliginde — Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Ýer gözelliginden — Dag han, Deňiz han, Gök han. Iki älemi — asmany hem Zemini aldym diýýän Oguz han Türkmen älemler bilen sazlaşykly, ylalaşykly we arkalaşykly ýaşamak isläpdir.
    Oguz han atamyz, ilkinji nobatda, ýurduň agzybir, jebis, düzgün-tertipli bolmagyna üns beripdir. Nesil terbiýesi onuň esasy üns merkezinde bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwlet guşy» romanynda: «Biziň ady rowaýatlara öwrülen atamyz beýik Oguz han döwletiň güýjüniň we halkyň abadançylygynyň, ilkinji nobatda, döwletiň içinde tertibiň berjaý edilmegine baglydygyny, her bir adamyň – begzadanyň hem, garamaýagyň hem öz borç ygtyýarlaryny takyk ýerine ýetirmegindeligini aýdypdy» diýip belleýär.
    Oguz han Sözüň täsirine düşünen beýik şahsdyr: Atamyz Oguz han Türkmen — ullakan ýurduň şasy, gylyjyny gynyndan çykarmagyň deregine, gursagyndan Allanyň salan sözlerini çykarýar. Tamdyrdan çykan çörek ýaly sözler bilen dünýäni alýar. Müsür şalary äpet-äpet daşlardan salnan beýik gümmezlere, mumyýa girip, ölmez-ýitmez bolup galmaga synanan bolsa, Oguz han atamyz beýik tymsallara, akyl-paýhasa, halkynyň aňyna, ruhuna, ganyna girip ölmez-ýitmez bolupdyr.

    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).

    Jumamyrat Gurbangeldiýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
    taryh ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 18.02.2024 ý. // Taryh

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI