25/08/2023
1064
TALYPLYK BUÝSANJY
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasaty netijesinde gün-günden ösýär, özgerýär. Ösüşlere beslenen döwletimizde ýaşlara okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde biz — ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Men Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly ders olimpiadasynda I orna mynasyp boldum. Bu bäsleşik meniň okuwa bolan höwesimi has-da artdyrdy. Men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu gün türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň bagtly talyby bolandygyma buýsanýaryn.
Biz — ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
I ýyl talyby.