31/08/2026
47
TALYPLYK BAGTYMYŇ AK DAŇY
Talyplyk — ömrüň altyn çagy, ýaşlygyň bahary. Talyp adyna mynasyp bolmak üçin irginsiz okamagyň, kämilleşmegiň, öz üstüňde işlemegiň zerurdygy bolsa düşnükli zat. «Bilegi zor birini ýeňer, bilimi zor müňüni » diýlişi ýaly, ine, täze okuw ýylynda-da zehinli ýaşlaryň müňlerçesi talyp şahadatnamasyny ele alyp, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Elbetde, bagtdan paýly ynsanlaryň şatlygyna goşulmak hem bagtyň bir bölegi ähbetin.
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýaş nesiller milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly: «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur.
Bu gün 1-nji sentýabr. Bilimler we talyp ýaşlar güni. Bu ajaýyp gün mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem aýratyn öwüşgine eýe bolýar. Bu meniň durmuşymda täze sahypanyň, has takygy, talyplyk durmuşymyň ilkinji güni.
Ýanwar aýy täze ýyly alyp gelýän bolsa, sentýabrda täze okuw ýylyna gadam basylýar. Gör, bu güne näçe ynsan sabyrsyzlyk bilen garaşýar?! Mugallymlar, okuwçylar, ak mekdebiň gapysyny kakan körpejeler, talyplar... Çünki ilkinji basgançaklardan başlap, soňsuzlyga uzap gidýän ylmyň başky ädimleri, elbetde, durmuşymyzyň täze sahypasy bolan bilim ojaklaryndan başlanýar. Däp bolşy ýaly, güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Şu ajaýyp pursatlardan soň, täze okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakyldy. Talyplar ilkinji okuw ýylynyň ilkinji gününde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylynyň ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun, eziz mugallymlar, talyp deň-duşlar!
Elmira GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
11/08/2026
AKADEMIKI MÜMKINÇILIKLER WE HALKARA TEJRIBE
03/06/2026
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI