Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • DIPLOMATIÝA ÝOLUNDA HALKARA TEJRIBE
      • Ilçileriň leksiýalary
        • Täsirli duşuşyk
      • Halkara günler
        • INTERNATIONAL DAY OF THE ARABIC LANGUAGE
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Китайско-туркменский народный диалог: созвучие идей Нейтралитета и Сообщества единой судьбы
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Talyplyga ýeten taplanan zehin
    Talyplyga ýeten taplanan zehin surady
    30/11/-0001

    1022

    Talyplyga ýeten taplanan zehin

    «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda maňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu bagtly pursat meniň durmuşumda iň naýbaşy wakalaryň biridir. Men bu arzyly ýokary okuw mekdebi barada eşiden günümden bäri bu ýere okuwa girmegi arzuw edip gelýärdim. Şol arzuwyma ýetmek üçin hem heniz başlangyç synplarda okaýan mahallarym iňlis, rus, fransuz dillerini öwrenip başladym. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Biziň okap, bilim alyp, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren bu mümkinçiliklerinden peýdalanyp, men hem döwlet we halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary almagy başardym. 6-njy synpdan başlap men matematika dersini düýpli okap, bu ugur boýunça olimpiadalara gatnaşyp gelýärin. Şolaryň hatarynda 2020-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen VII Geometriýa olimpiadasynda kümüş, 2021-nji ýylda ýene şol olimpiadada bürünç, 2022-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen I Lotfi Zadeh halkara olimpiadasynda matematika dersi boýunça kümüş, Adygeýa Respublikasynda geçirilen VII Kawkaz Matematika olimpiadasynda bürünç, mundan başga-da, «UNIPO» halkara taslama bäsleşiginde programmirleme dersi boýunça 2021-nji ýylda bürünç we fizika dersi boýunça 2022-nji ýylda kümüş medala mynasyp bolandygymy belläp geçesim gelýär. Şeýle-de şu ýylda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry (matematika) boýunça I orny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda geçirilen «Okuwçylaryň Matematikadan Internet Olimpiadasynda» III orny eýelemegi başardym. Gazanan üstünliklerim we ös saýlan hünärim boýunça zerur bilimleri yhlasly özleşdirendigim giriş synaglarynda maňa uly goltgy berdi.
    Matematika ykdysadyýetiň özeni bolsa gerek. Bu dersi oňat bilýänim üçin hem men ykdysadyýet fakultetini saýlap aldym. Men öz arzuwyma ýetenime diýseň begenýärin. Saýlap alan ugrum boýunça gowy okap, geljekde Watanymyza, ilimize, hormatly Prezidentimize wepaly boljak ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek meniň indiki esasy maksadymdyr. Ýaşlaryň ylymly, bilimli, döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri barha rowaç alsyn.

    Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
    I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Turkmenistan – Japan Strategic Partnership surady

    18/12/2025

    Turkmenistan – Japan Strategic Partnership
    TÄZE ÝYLYŇ ŞANYNA EZIZ DIÝARYMYZ TOÝ LYBASYNA BESLENDI surady

    18/12/2025

    TÄZE ÝYLYŇ ŞANYNA EZIZ DIÝARYMYZ TOÝ LYBASYNA BESLENDI
    Bitarap Watanymyzyň üstünlikleri surady

    17/12/2025

    Bitarap Watanymyzyň üstünlikleri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI