10/06/2024
933
TALYPLARYMYZYŇ TASLAMASY EÝEÇILIK HUKUGYNY GAZANMAGY BAŞARDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň çäklerinde ylmy gurnaklaryň döredilmegi ýaşlaryň ylymda uly üstünlikleri gazanmagyna itergi berdi.
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual ukyplaryny açyp görkezmäge mümkinçilik bermek, Arkadag şäherindäki desgalaryň dizaýn taslamalaryny döretmekde ýaşlary işjeňleşdirmek we höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Arkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasy» atly Hakaton bäsleşiginde institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň işjeň agzalary bolan institutymyzyň talyplary Baş baýraga mynasyp boldular.
Talyplarymyzyň döreden ylmy taslamalaryna emin-agzalar ýokary baha berip, taslamany Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugyna hödürlediler. Institutymyzyň talyplarynyň döreden ylmy taslamasy kabul edilip, onuň döredijilerine taslamanyň eýeçilik hukugy berildi.
Talyp ýaşlarymyzyň ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehin-başarnyklaryny, intellektual ukyplaryny ýüze çykarmaklary, ylymda täze üstünliklere ýetmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Intizar TAGANNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II býyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR