Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • Экспертный взгляд на итоги Авазинского саммита формата «С6»
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / Talyplarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    Talyplarymyzyň nobatdaky üstünlikleri surady
    04/04/2026

    2890

    Talyplarymyzyň nobatdaky üstünlikleri

    2026-njy ýylyň 23—28-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026) üstünlikli tamamlandy. Bäş günüň dowamynda geçirilen bu halkara bäsleşigine dünýäniň 9 döwletinden (Russiýa, Özbegistan, Täjigistan, Eýran, BAE, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa we Niderlandlar) gelen 600-den gowrak talyp gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
    Ýurdumyzyň adyndan çykyş eden türkmen talyplarynyň gazanan üstünliklerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. Institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, halypa mugallym Gaplaň Esenamanowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan talyplar topary bu abraýly bäsleşige işjeň gatnaşyp, ýene-de bir gezek baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
    Bäsleşigiň netijelerine görä, institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Goçmyrat Penjiýew I orna (altyn medala) mynasyp bolup, ýokary netije görkezdi. Şeýle-de bu fakultetiň talyplary Orazmyrat Sähetmyradow, Döwlet Kerimow II orna (kümüş medallara), Bägül Hudaýberdiýewa III orna (bürünç medala) mynasyp boldular. Bu görkezijiler institutymyzyň talyplarynyň diňe bir ynsanperwer däl, eýsem, takyk ylymlar ugrunda hem ýokary taýýarlygynyň bardygyny aýdyň subut edýär.
    Talyp deň-duşlarymyzyň halkara derejesinde gazanan bu ajaýyp üstünlikleri bizi has-da buýsandyrýar. Ýeňijileri gazanan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara ylym-bilim äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

    Selbi TÄŞLIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADADA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR surady

    05/10/2026

    INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADADA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR
    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy surady

    26/09/2026

    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy
    Baýramçylyga bagyşlanan dabara surady

    11/09/2026

    Baýramçylyga bagyşlanan dabara
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI