20/04/2026
22
TALYPLARYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ösümlikleri goramak” boýunça I internet ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleșige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Bäsleșik Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, tebigy hem-de takyk ylmy ugurlaryna degișli dersleri okatmagy kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen guraldy. Şeýle-de talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we bașarnyklaryny berkitmek, önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem- de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaș hünärmenleri ýetişdirmekden ybarat boldy.
Ders bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Baýramow Hallymämmet II we șol fakultetiň 1-nji ýyl talyby Zahyrow Kaýum II orna mynasyp bolup, diplom bilen sylaglandylar.
Bu gazanylan ýeňişler ýurdumyzyň geljekki hünärmenleriniň daşky gurşawy goramaga we ekologiýa meselelerine bolan uly gyzyklanmasynyň hem-de ylmy taýýarlygynyň aýdyň kepilidir.
Gülzada ANNASÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
03/06/2026
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
30/05/2026
FILOSOFIÝA – DÜNÝÄ AKYL ÝETIRMEGIŇ ÇEŞMESI