24/08/2023
1149
Talyp ýüreginiň joşguny
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldamagynda we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda biz — ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol ajaýyp mümkinçilikleriň netijesinde maňa hem şeýle bagtyýar zamanada — ýaşlara we ýaşlyga bagyşlanan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda talyp bolmak bagty miýesser etdi. Has dogrusy, men ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum.
Men Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda rus dili dersinden 3-nji orna mynasyp boldum. Mundan başga-da, Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde okaýan döwrümde medeni çärelere gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän aýdymlar bilen yzygiderli çykyş etdim. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn.
Bize ylym öwrenmäge, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Sona ABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
I ýyl talyby.