Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri
    15/12/2023

    2733

    Talyp ýoldaşlarymyzyň nobatdaky üstünlikleri

    Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda ýerine ýetirilýän işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we ilatyň, şol sanda ýaşlarymyzyň bagtly durmuşyny hasam gowulandyrmaga gönükdirilendir.
    Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän ýaşlar syýasaty bilen bilim almak, ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek we hünär ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda sport jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi.
    Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň ähli görnüşlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. Ine şeýle mümkinçilikleriň biri hem ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 12-13-nji dekabry aralygynda «Karatedo» boýunça Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen ýaryşda hem biziň talyp ýoldaşlarymyz bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby Ýusup Garajaýew 60 kilogramda çykyş edip, birinji orny eýeläp, altyn medala, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Rasul Atajanow (kata boýunça) birinji orny eýeläp, altyn medala, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Dawut Nazmyradow 75 kilogramda çykyş edip, üçinji orny eýeläp, bürünç medala, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby Eziz Arazow +84 kilogramda çykyş edip, üçinji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldular.
    Ýeri gelende bellesek, talyp türgenlerimiz diňe bir ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda däl, eýsem halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde biz hem ýaş türgene geljekde mundan beýläk hem ýeňişleri gazanyp, ýurdumyzyň at-abraýyny has hem belent derejelere göterilmeginde rowana ýollarda üstünlikleriň ýar bolmagyny hem-de olara ýeneki ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek sport bäsleşiklerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

    Nursähet JOMARTOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI