23/08/2023
1381
Talyp bolmak buýsanjy ...
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Men 5 ýaşymdan bäri aýdym aýdýaryn, şeýle-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynda birnäçe gyzykly gepleşikleri alyp barýaryn. 2019-njy ýylda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna, «Garpamyk-2014» bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
Meniň kiçilikden iň uly arzuwym žurnalist bolmakdy. Şu arzuwym meni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gapysyndan getirdi. Bu gün maňa bu ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň begenjimiň çägi ýok. Geljekde-de türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebindäki okuw studiýasynda birnäçe gyzykly gepleşikleri alyp baryp, ýurdumyzyň ajaýyp gymmatlyklaryny, medeniýetimizi dünýä ýüzüne äşgär etmekde özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.
Biz — ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-ylym öwrenip, kämil ynsan bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Leýli MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
I ýyl talyby.