Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Suw umumyadamzadyň gymmatlygy
    Suw umumyadamzadyň gymmatlygy surady
    30/11/-0001

    928

    Suw umumyadamzadyň gymmatlygy

    Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmegi köp babatda suw bilen baglanyşykly wezipeleriň oýlanyşykly çözülmegine baglydyr. Suw ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin bu gymmatly baýlygy rejeli ulanmak her birimziň mukaddes borjumyzdyr. Suw serişdelerini rejeli ulanmak häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň hem biridir.
    Suw bilen bagly meseleleri çözmekde dünýä ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça uzak möhletleýin strategiýalary işläp taýýarlamak derwaýys ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Meteorologik guramasy tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Ýer şarynyň takmynan 97,5 göterimi duzly, 2,5 göterimi bolsa süýji suwlar hasap edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1993-nji ýyldan bäri “Suw serişdeleriniň Bütindünýä güni” her ýylyň 22-nji martynda bellenip geçilýär.
    Türkmenistan suwdan rejeli peýdalanmagyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý tejribesine eýe bolmak bilen, ählumumy ýagdaýlary nazara alyp, ony iň häzirkizaman çemeleşmelerinň esasynda ösdürýär hem-de halkara ekologiýa başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şol başlangyçlaryň biri hem Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda çykyş edip, suw meselesi şu Merkeziň işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolup biljekdigini belledi.
    Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak hem-de Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň esasylarydyr. Suw meseleleri howpsuzlygyň beýleki ugurlary, şol sanda energetika, ekologiýa we azyk howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy toplumlaýyn häsiýete eýedir we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmaga, uzak geljege gönükdirilen iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Taryhy we tebigy-geografik aýratynlyklary sebäpli Merkezi Aziýa sebitinde suw bilen, aýratyn-da, serhetüsti suwlary dolandyrmak bilen bagly meseleler hyzmatdaşlygyň täze görnüşli halkara gurallaryny döretmegi we herekete girizmegi talap edýär. Sebäbi suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy sebit döwletleriniň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna we halklaryň abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär.
    Eziz diýarymyzyň suw baýlyklary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Çünki suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerurdyr.

    Amanbagt USSAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI