04/11/2024
589
Suw diplomatiýasy: hyzmatdaşlyk, umumy bähbitlilik, ösüş
Häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary berkitmegiň syýasy-diplomatik usuly hökmünde suw diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahatyň geçirilip, oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili we Halkara Demirgazyk uniwersiteti tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar meseleleri boýunça Agentligi hem-de «UzReportTV» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu foruma Ýewropa Bileleşiginden, sebitleýin guramalardan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan hem wekiller gatnaşdylar.
Sebitleýin maslahatyň resmi açylyş dabarasy Daşkent şäheriniň Ýaşlar döredijilik köşgünde geçirilip, umumy mejlisde ýokary derejeli wekilleriň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda deňlik we umumy bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän dostlukly döwletleriň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, bu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmagyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň halkara gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlarynyň biridigi aýratyn nygtaldy.
Günüň ikinji ýarymynda forum öz işini «Merkezi Aziýada suw krizisini çözmek: ýaşlar näme edip biler?» diýlip atlandyrylan bölümçede dowam etdi. Halkara Demirgazyk uniwersitetinde geçirilen ikinji bölümçede sebitiň ýaş liderleri özara pikir alyşdylar. ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleriniň maslahaty ýaşlary sebit hyzmatdaşlygyna işjeň çekmäge we «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» gün tertibiniň, esasanam, suw meselesi boýunça çözgütleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga oňyn mümkinçilik döredýär. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň ikinji güni hem möhüm wakalara baý bolup, oňa gatnaşyjy wekiliýetler Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyryş inženerleri institutynda, Milli gözleg uniwersitetinde bolup, dürli temalara bagyşlanyp guralan oýunlara, seminarlara gatnaşdylar. Bu çäreler täsirliligi bilen tapawutlanyp, myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça pikir-tejribe alyşdylar.
Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin möhüm orun eýeleýär. Serhetýaka suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda Türkmenistan tarapyndan iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde birnäçe başlangyçlaryň öňe sürülýändigine ähmiýet berildi. Şol başlangyçlar Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekilleri öz çykyşlarynda Merkezi Aziýada serhetýaka suw serişdelerinden peýdalanmagyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, özara hormat goýmak hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak esasynda amala aşyrylmalydygyna ähmiýet berdiler hem-de bu babatda anyk pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, türkmen wekiliýetiniň Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu sebitleýin foruma gatnaşmagy suw diplomatiýasyny ilerletmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dabaralandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklary, bilim we hünär taýdan kämilleşmekleri üçin täze mümkinçilikleri döretdi.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Gurbangeldi HAÝDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
okuw bölüminiň esasy hünärmeni.
Aşgabat — Daşkent — Aşgabat.
Çeşme: “Biznes rekalama” gazeti – 4.11.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/169585