 
                                                                                      25/05/2024
                        1703
ÝAŞ HUKUKÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýan talyplaryň  dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň işjeň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, hukuk ylmyndan öz işine ökde, giň gözýetimli ýokary hukuk medeniýetli, işde we durmuşda ýüze çykýan dürli çylşyrymly meseleleri çözmäge, guramaçylyk we ýolbaşçylyk wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak,  häzirki döwrüň esasy talaby bolup durýar. 
Şu nukdaýnazardan hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” dersi boýunça onlaýn bäsleşiginde institutymyzyň  talyplary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Halkara hukugy fakultetiniň talyplary Nurmyrat Azadow hem-de Azanali Azizow I orna, Leýli Arapowa we Muhammedali Annadurdyýew II orna, Aýna Babaýewa III orna dagy baýrakly orunlara eýe boldular.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň durnuklylygyny saklamak, jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny we tertip-düzgüni üpjün etmek ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu taryhy wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmekde, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
                    
                Soňky täzelikler
 
                            12/06/2025
Ylma goýulýan hormat 
                            29/05/2025
Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi