Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / SPORT DIPLOMATIÝASYNYŇ ROWAÇLANMAGY
    SPORT DIPLOMATIÝASYNYŇ ROWAÇLANMAGY surady
    06/05/2024

    802

    SPORT DIPLOMATIÝASYNYŇ ROWAÇLANMAGY

    Ählumumy asudalygyň we hoşniýetligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz öňünde belent maksatlary goýýar: birek-birege mähirli gatnaşyklar, dostluk, söýgi we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklar. Ähli döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistan hem şeýle gowluklar bilen gurşalan döwlet. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýär. Munuň şeýledigini, bu künjegiň«Aşyklaryň şäheri», «Aziýanyň merjen şäheri», «Ak mermer binalaryň şäheri», «Merkezi Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi» diýlip atlandyrylmagy-da subut edýär.
    Ählumumy oňatlyklar barada gürrüň edilende, sporta aýratyn orun degişlidir. Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdür. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir. Ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi Watanymyzyň dünýäde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bolýar. Çünki sport sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasydyr.
    Taryhy tejribä nazar salsak, diplomatiýa arkaly halklar we ýurtlar syýasy taýdan özara gatnaşyklarynda dostluk-doganlygy berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we alyp barmaga giň mümkinçilikleri gazanýar. Dünýäniň öňünde durýan ählumumy maksatlar, ýagny ösüş we parahatçylyk, ilkinji nobatda, ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna, ählumumy ösüş ýolunda olaryň berk we jebis sazlaşygynyň kemala gelmegine, şol esasda köptaraplaýyn oňyn gatnaşyklara ýol açylmagyna oňyn täsir edýär. Şu babatda sporta hem möhüm orun degişlidir. Dünýä taryhynda tejribäniň görkezişi ýaly, şu wagtky döwre çenli sport ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we abadançylygy ýola goýan serişde hökmünde hyzmat edip geldi. Olimpiýa oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatlary, sebitiň iri möçberli halkara ýaryşlary — ähli döwürlerde-de ynsanlaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi we dostluk-doganlygy ýola goýmakda we berkitmekde netijeli ädim boldy. Köp sanly döwletler iri möçberli ýaryşlary kabul edip, bütin dünýäde uly abraýa eýe boldular, ýene-de köp sanly döwletler halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri bilen, öz ýurdunyň sportunyň altyn sahypalarynda möhürlenjek uly ýeňiş serpaýlaryna mynasyp boldular. Şunlukda, dünýäniň sport giňişliginde halkara sport gatnaşyklary kemala geldi we öz çäklerindäki dürli ugurlar esasynda köptaraply hyzmatdaşlyk ugurlary döredi.
    Diplomatiýanyň özi özara hyzmatdaşlygyň ygtybarly guraly bolmak bilen, halklary dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, barha ysnyşdyrýar. Has takygy, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we agzybirligi syýasy nukdaýnazardan ýola goýýar. Ol syýasy abadançylygyň jebis we ygtybarly nusgasydyr. Sport hem öz gezeginde türgenleri, tälimçileri we janköýerleri birek-birege ysnyşdyrýan, dost-dogan bolmaga çagyrýan, ygtybarly täsir ediji güýçdür. Dünýä döwletlerinde bu ugra uzak döwürlerden bäri uly üns berilýär we daşary syýasatda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Emma her döwlet özüniň mümkinçiliklerine we ilatynyň ruhy-medeni esaslaryna, ýörelgelerine laýyklykda, ösdürýär. Muňa garamazdan, maksatlary bir ynsanlary sport diýlip atlandyrylan jadylaýjy sungata çekmek we olaryň beden berkligini, ählumumy ruhubelentligini, dostlugyny gazanmakdyr. Bir ýurtda geçirilýän Dünýä çempionaty şol ýerde onlarça, belki ýüzlerçe döwletlerden müňlerçe wekilleri bir ýere jemleýär, olaryň gatnaşyklaryna oňyn täsir edip, dostluk-doganlyk nukdaýnazaryndan ösdürmäge mümkinçilik berýär, şol esasda bolsa halkara derejeli köptaraply häsiýete eýe bolan sport gatnaşyklary kemala gelýär.
    Türkmen sportuny dünýä tanatmakda önjeýli goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Dürdäne NAZARGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyñ
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI