04/05/2024
783
Şöhratly taryhymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma
Taryh — milletiň hakydasy. Millilik — halkyň mertebesi. Şonuň üçin hem türkmen halkymyz ýaş nesillere şöhratly taryhymyzy giňişleýin öwretmeklige, olary milli edim-gylymlarymyz esasynda terbiýelemeklige aýratyn üns berýär. Bu ugurda bize türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan birnäçe kitaplaryň halkymyzyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklarymyza bagyşlanylmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserini bize sowgat bermegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň gadymy Änewiň baý taryhyna we abadan şu gününe bagyşlanan täze kitabynyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda çapdan çykmagy bolsa özünde aýratyn manyny jemleýär. Çünki üstümizdäki ýylda ak bugdaýyň watany we ekerançylygyň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Änew toparygynyň şan-şöhraty diňe ýurdumyza däl, eýsem tutuş dünýä ýaýylýar. Başgaça aýtsak, her bir güni şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýe bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi örän möhüm waka boldy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde Änewiň umumadamzat medeniýetiniň taryhyndaky orny, türkmen halkynyň halklary ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri baýlaşdyrmaga hyzmat edýän özboluşly milli ruhy gymmatlyklary barada gürrüň giňişleýin berilýär. Şonuň üçin-de bu eseriň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti hem bimöçberdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, bu kitap her birimizi ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsandyryp, belent maksatly tutumlara galkyndyrýar.
Türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyna ser salsak, geçmişde çawy äleme dolan, ösen medeniýetli ençeme şäherleriň bolandygyna şaýat bolýarys. Şolaryň biri-de iňňän irki döwürlerde giň meşhurlyk gazanan Änew şäheridir. Bu ýerde dürli ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirilip, gymmatly tapyndylaryň üsti açyldy. Şolaryň hatarynda bugdaý dänejikleriniň bolmagy bu sebitde iňňän gadymy döwürlerde-de ösen medeniýetli ýaşaýşyň bolandygyna güwä geçýär. Mahlasy, ýüze çykarylan bugdaý dänejikleri bereketli türkmen topragyna ak bugdaýyň watany diýmäge doly esas berýär. Täze eserde bular hakynda anyk gürrüň edilýär.
Bu kitap bütin halkymyz, hususan-da, ýaş nesiller üçin gymmatly sowgat bolup, ol türkmen topragynyň taryhyny, medeniýetini çuňňur öwrenmekde, ony tutuş dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmadyr. Owadan we täsirli suratlar bilen bezelen, ajaýyp many-mazmuna baý bu eser «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan, «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly 7 sany bölümi öz içine alýan Kitaby okanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň medeni mirasyna goýýan uly sarpasyny duýmak bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz çuň many-mazmuna eýe bolan täze kitabynda toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, onuň gaýtalanmajak binagärlik ýadygärlikleri, ekerançylygyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Jeýtun medeniýeti, türkmenistanly we daşary ýurtly belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan arheologik gözlegleriň netijeleri, olarda tapylan gymmatly tapyndylar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada täsirli we giňişleýin gürrüň berýär.
Şol bir wagtyň özünde täze kitapda şähergurluşyk medeniýeti bilen bagly aýdylanlar halkymyzyň arasynda hem, adaty okyjylardyr ylmy jemgyýetçilikde hem uly gyzyklanma döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda XVIII-XIX asyrlarda Änew galasynyň daşyna çykyp, ýaýrap başlan giçki şäheriň ýerleşiş meýilnamasyny ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny ýaş nesle öwretmekde, olary türkmen ýaşlarynyň arasynda giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolan gollanmadyr. Kitabyň mazmuny maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýänligi eseri okan her bir ynsany özüne çekip, aýratyn-da, ýaş okyjylarda Watana bolan söýgi duýgusyny has-da belende galdyrýar.
Şeýle hem kitapda geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Massonyň kakasy akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy (GTATE) tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözleglere üns çekilýär. Onda ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, onuň ýerleşişi hem-de gurluşy barada gürrüň berilýär. Gadymy Änew medeniýetine, şol sanda bu ýerde neolit zamanynda (biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI müňýyllyklar) dörän we oba hojalygynyň ösüp başlan Jeýtun medeniýetine aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.
Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda Änew medeniýetiniň has irki döwürlerden gaýdýandygy, Türkmenistanyň çäginde dörän ilkinji şäher Altyn depäniň, şeýle-de Nusaý galasynyň, Ulugdepe desgalarynyň ýüzündäki arhitektura bezegleri barada söhbet açýar. Şunda akademik Galina Pugaçenkowanyň tassyklamagyna görä, Merkezi Aziýanyň we Eýranyň çäginde binagärlik bezegleriniň nagyşlarynda duş gelmeýän nagyşlaryň ýadygärliklerdäki diwarlaryň bezegleriniň amaly-haşam sungaty bilen utgaşýandygy bellenilýär.
Şeýle-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ylmy, syýasy, medeni, terbiýeçilik nukdaýnazardan iňňän uly ähmiýeti bar. Sebäbi onuň sahypalarynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, yslam dünýäsinde beýik hormata eýe bolan pederlerimiziň orny barada anyk çeşmelere salgylanylyp, giňişleýin maglumatlar getirilýär. Mysal üçin, kitabyň sahypalarynda Soltan Sanjaryň, Mäne babanyň, Seýit Jemaleddiniň, Magtymguly Pyragynyň, Annagylyç Mätäjiniň, Durdy bagşynyň, Dostmämmet şahyryň we beýleki şahsyýetlerimiziň atlary, olaryň bitiren ägirt uly işleri täsirli beýan edilýär.
Jemläp aýtsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy her birimiziň begenç-buýsanjymyzy artdyrdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap hemmeler üçin örän gymmatly gollanmadyr. Bu kitap akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Kitapdaky taryhy maglumatlar, gadymy çeşmeler bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň baý iş tejribesinde, manyly durmuş ýolunda dünýä belli taryhçylar bilen guran duşuşyklary bilen bagly ýatlamalarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şu eseri döretmeklige ruhlandyrandygy barada aýdanlary bizde uly täsir galdyrdy. Şonuň üçin türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýeti hakda söz açýan bu gymmatly eseriň geljekki müňýyllyklarda hem söýlüp okaljakdygyna berk ynanýarys.
Şeýle ajaýyp eseri bize sowgat beren, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda bize bahasyna ýetip bolmajak şahsy görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!
Enejan ORAZMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI