785
SARAHSYŇ MEŞHUR ÝADYGÄRLIKLERI
Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow:
XXI asyr türkmen binagärçilik, amaly-haşam sungaty gadymy döwürleriň sungat däpleriniň, medeniýetiniň ýörelgelerini özünde jemleýän özboluşly milli sungatdyr. Munuň özi häzirki zaman türkmen milli sungatynyň, binagärçiliginiň neolit, eneolit we bürünç eýýamlaryndan,
adamzadyň ýaşaýşynyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýandygyny, kämilligiň uzak ýoluny geçendigini aňladýar.
Sarahs Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen merkezi şäher bolup, gala b.e.öň I m.ý-dan XIX asyra çenli döwürleri öz içine alýar. Bu ýere ilat eneolit döwründe (b.e.öň. IV m.ý.) göçüp gelip başlapdyr. B.e.öň. I m.ý. ortasynda köne Sarahs şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr.
B.e.öň. II m.ý. Sarahs Parfiýa döwletiniň düzümine giripdir we Siraken diýen ady alypdyr. Ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagt Beýik ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Sarahsyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýär. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektarly, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340x560 metr uzynlykda berkidilen diwarly, gür ilatly uly şähere öwrülýär. Diwaryň 300-400 metr töwereginde, esasan, önümçilik mähelleleri ýerleşdirilipdir. Dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar.
Sarahsyň ussalarynyň şöhraty Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr. Muňa Sarahsyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äramgähinde, Jar-Gürgendäki münberde sarahsly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy
hünäriniň I ýyl talyby.