23/12/2023
868
Şanly ýylyň tutumlaryna goşant
Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem möhüm wezipeler öňde goýuldy. Birinjiden, Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesle degişlidigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä, geljekki halkaraçy hünärmenler, ilkinji nobatda, halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletimiziň we milletimiziň milli bähbitlerini mynasyp goramagy düýpli öwrenmelidirler. Ikinjiden, diplomatyň esasy hünär serişdesi daşary ýurt dilini hemmetaraplaýyn kämil bilmek bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bu babatda bildirýän ynamyny ödemek üçin talyplarymyza BMG-niň resmi dilleri bolan iňlis, rus, fransuz, hytaý we arap dillerinde gepleşikleri alyp barmagy öwretmek institutymyzyň mugallymlarynyň borjudyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açylan bilim ojagymyzda ähli zerur şertler döredilendir. Üçünjiden, türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň talyplary döwletimiziň düýp binýadynda duran milli ýörelgelerimize çuňňur sarpa goýmak ruhunda özlerini kämilleşdirmeklerini dowam etmelidirler. ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizilen gymmatlyklarymyz medeni diplomatiýanyň serişdeleri hökmünde ata-babalarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmakda olara kömek eder. Bu ugurda institutda geçen okuw ýylynda açylan «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunda netijeli işler alnyp barylýar. Dördünjiden, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly täze ylmy açyşlara, innowasion çözgütlere we beýleki döredijilik üstünliklerine beslenen ýyl boldy. Institutda hereket edýän dürli okuw-ylmy merkezler, talyplarymyza ýurt, sebit we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler munuň üçin doly esas berýär.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejede geçirilýän zehin bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Talyplarymyzyň arasynda GDA-nyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda geçirilen «Göreldeli ýaş alymlar» atly bäsleşikde II derejeli diploma, «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna, I derejeli diploma we degişli medala, Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça geçirilen halkara olimpiadada, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň guramagynda RF-niň Ýaroslaw oblastynda guralan Martens adyndaky halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşikde, Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherinde talyplaryň arasyndaky Al-Horezmi adyndaky II halkara matematika olimpiadasynda, Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp bolanlary bar.
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary hem-de halkara žurnalistikasy ugrundan hünärmenleriň döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede taýýarlanylmagy derwaýys wezipedir. Ýurdumyzda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan talyplaryň geljekki diplomatlar üçin halkara derejede zerur bolan hünär başarnyklaryny özleşdirmeklerini, döwletimiziň milli bähbitlerini talabalaýyk derejede goramaga taýýar bolmaklaryny gazanmak üçin giň mümkinçilikler döredilen. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary bolsa biziň islendik ugurda işimizi göwnejaý guramakda, ony doly we dogry amal etmekde gymmatly gollanmamyzdyr. Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri saýlamagyny gazanmagyň tarapdary. Degişli ýolbaşçylardan işini şonuň ýaly guramagy talap hem edýärdim» diýen jümleleri bilim ulgamynyň ýolbaşçylary üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Kararyna laýyklykda, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaş diplomatlar mekdebinde diplomatiýa bilen ykbalyny baglamagy maksat edinýän mekdep okuwçylaryny we ýaşlary institut bilen ýakyndan tanyşdyrmak, hünäre ugrukdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Diplomatik gullugyň weteranlarynyň, alymlaryň, hünärmenleriň okuw sapaklary guralýar. 2021 — 2023-nji ýyllarda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň iki möwsümi üstünlikli geçirilip, oňa gatnaşan 128 sany okuwçynyň has tapawutlananlarynyň köpüsi Halkara gatnaşyklary institutyna, galanlary bolsa ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine, dünýäniň abraýly bilim ojaklaryna talyplyga kabul edildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda Ýaş diplomatlaryň merkezi hem döredildi. Geljekde ýaş halkaraçy hünärmenleriň we bu ugurda bilim alýan talyplaryň gözýetimini giňeltmekde, daşary syýasy düşünjeliligini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde, öňde goýlan maksatlara ýetmekde, geljegi nazarlaýan çözgütleri durmuşa geçirmekde ýolgörkeziji boljak, dürli maslahatlaryň, forumlaryň, simpoziumlaryň geçirilýän meýdançasyna öwrüljek bu merkezde türkmen diplomatlarynyň täze neslini kemala getirmek boýunça uly işleri amala aşyrmak maksat edinilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýene-de bir möhüm Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak bellenildi. Bu çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksadyndan ugur alýar.
Jemläp aýdylanda, ýurdumyzda halkara gatnaşyklar ugrundan hünärmenleri taýýarlamakda soňky ýyllarda oňyn milli tejribe toplandy. Eýýäm bu ugurdan bilim alan hünärmenler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň halkara gatnaşyklar bölümlerinde, maliýe-bank we ykdysadyýet toplumynda, hukuk goraýjy edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we beýleki edara-kärhanalarda tutanýerli zähmet çekýärler. Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge mynasyp goşant goşjak halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga berýän goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 23.12.2023 ý. // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI