1220
Sanly ulgam arkaly geçen täsirli maslahat
2023-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda Sanly bilim, Sanly ykdysadyýet we Kiberhowpsuzlyk boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň IT ugruna degişli bolan mugallymlarynyň, işgärleriniň hem-de jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirildi.
Onlaýn maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Jumamuhammet Abdyýew “Kiberhowpsuzlyk çygrynda daşary ýurt bilim edaralary we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça çykyş etdi.
Onlaýn maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bilim edaralarynda ýaşlaryň sanly ulgamdan maksadalaýyk peýdalanmagy we ony dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilermene kiberhowpsuzlyk bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Şeýle-de agzalýan meseleler boýunça özara pikir alyşdylar.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly diplomatiýa hünäriniň magistranty.