Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym – bilim
    Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym – bilim surady
    05/12/2020

    1458

    Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym – bilim

    Adamzat ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirip bilýär. Hiç bir adam ylym öwrenip onuň aňyrsyna çykan däldir. Ylym – bu ummasyz baýlykdyr. Ylym kämilligiň gözbaşydyr. Bu baýlyk ynsanyň dünýägaraýşyny giňeldýär. Ýer ýüzünde bolýan wakalara, hadysalara bolan garaýşyny ösdürýär. Şeýlelikde, gadym döwürlerden başlap häzirki wagta çenli birnäçe açyşlaryň netijesinde ylym häzirki derejesine ýetdi.

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, halkyna, Watanyna ylymly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe amatly şertler döredilýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň ýokary derejede bolmagyna, döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de has-da ýokary bolmagyna özleriniň goşantlaryny goşmaklaryna uly ýardam berýär. Muňa mysal edip, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejesindäki olimpiadalara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

    Ýurdumyzda ähli ulgamlaryny, esasan hem ylym-bilimi ýokary, ösen derejelere ýetirmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda: “Biz ýurdumyzda özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarys. Bu ugurda diňe bir ykdysadyýetiň ösmegi üçin däl-de, eýsem jemgyýetimiziň ösmegi üçin esas hökmünde bilim ulgamyna aýratyn üns berýäris” diýip belleýär. Şeýlelik-de, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin edýän çäksiz aladalary netijesinde sanly bilimi ornaşdyrmak boýunça birnäçe düýpli işler amala aşyrylýar. Bu babatda , Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edildi. Bu konsepsiýanyň esasynda hem orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap kömpýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary, elektron kitaplar bilen üpjün edildi. Indi her ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara kompýuter sowgat berilýär. Bu bolsa kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň hem kompýuter endiklerini ösdürmekde uly mümkinçilik döredýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly girizildi. Indi talyplar sanly bilim portalyny ulanyp okuw sapaklaryna degişli elektron kitaplaryndan ýeňillikli peýdalanmaga mümkinçilik döredi. Mundan başga-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly wideoşekilli maslahatlar hem guralýar. Teleköprüli we wideoşekilli sapaklaryň guralmagy, onlaýn duşuşyklarynyň geçirilmegi bilimiň binýadyny has-da giňeldmäge giň ýol açýar.

    Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleri boýunça bäsleşigi guramak hakyndaky” Kararyna laýyklykda, her ýyl ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ylma, bilime we täze tehnologiýalara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli ylmy bäsleşik guralýar. Bu bäsleşik ýurdumyzda ylmy ýokarlandyrmaga höwes bilen çemeleşýän ýaşlaryň zehin başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmyň, bilimiň ösdürilmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim syýasatynda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


    Begenç AŞYROW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI