07/08/2023
777
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
23. «Niçe ýüz müň gümra bolanda bardyr»
2013-nji ýyldaky neşiriň 1-nji jildiniň 442—443-nji sahypalarynda «Gelende bardyr» atly şygyr ýerleşdirilip, onuň 3-nji bendiniň soňky 2 setiri şu nusgada neşir edilen:
Niçeler tämizläp ýol giderler çyn,
Niçe ýüz müň gümra bolanda bardyr.
Biziň pikirimizçe, birinji setiriň manysy şundan ybarat: nijeme ýüz müň adam köňüllerini tämizläp, halallyk ýoluna düşerler.
Ikinji setirdäki bir iş bilen meşgul bolmagy aňladýan «gümra» sözüniň ýerine pars dilindäki «güm rah», ýagny «ýolundan azaşan», «ýoldan çykan» sözi bolmaly bolsa gerek. Şunda setirlerdäki pikir yzygiderliligi sazlaşyp, ikinji setir: «ýöne ýene-de ýüz müňlerçe adam soňra ýollaryny urduryp (halallyk ýolundan çykyp), günäli bolýar» diýen manyny berýär.
24. «Nebsimiň raýynda keremli Gapbar»
Aryf-danamyzyň şerepli diwanynda türkmen halkynyň arasynda uly höwes bilen gaýtalanýan «Ýa Züljelalym» atly şygyr bolup, onuň 1-nji bendiniň soňky iki setiri 2013-nji ýyldaky neşirde (2-nji jilt, 135 sah.) aşakdaky nusgada ýerleşdirilen:
Nebsimiň raýynda keremli Gapbar,
Permanda goýmagyl, ýa Züljelalym.
Birinji hem-de ikinji setirler, göräýmäge, ylalaşýan ýaly bolsa-da, bu ýerde pikir yzygiderliligi üzülýär.
Bäherdenli meşhur bagşy Hommat Jelilow toý märekelerde bu aýdymy ýerine ýetireninde, ýokardaky iki setiri:
Nebsimiň raýyna kylma giriftar,
Permanda goýmagyl, ýa Züljelalym – diýip aýdardy. «Nebsiň raýyna kylma giriftar» jümlesi «Gara nebsimiň toruna salmaweri» diýen manyny berýär.
Hommat Jelilowyň ýerine ýetiren görnüşindäki setirler hem bagşylaryň dilinde aýdylýan bir nusgadyr.
25. «Ölüm bir ajy şerbetdir»
Aryf-danamyzyň şygyr diwanynda diňe dünýewi däl, eýsem, dürli rowaýatlardyr din bilen bagly syrly setirler hem bar. Ol setirleriň syryny açmak üçin gadymy rowaýatlara, dini çeşmelere ýüzlenmek zerurlygy ýüze çykýar. Mysal üçin, hezreti Magtymgulynyň halk arasynda giňden ýaýran şeýle setirleri bar:
Ölüm bir ajy şerbetdir,
Her kim ondan içer gider.
(Magtymguly, eserler ýygyndysy, 2013 ý., 1-nji jilt, 280 sah.).
Şahyr «Sil galmaz» atly şygrynda (şol ýerde 490 sah.) ýene-de şeýle diýýär:
Altmyş başly, ala garly daglardan,
Duman göçer, ýagmyr geçer, sil galmaz.
Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan,
Hazan urar, ýaprak gaçar, gül galmaz.
ýa-da:
Munda men-men diýen adam,
Möwt awusyn içer bir gün.
(görkezilen eser, 309 sah.).
Akyldaryň bu aýdýanlary Gurhanyň «Ymran maşgalasy» süresiniň 186-njy aýatyna gabat gelýär. Ol ýerde «Küllü mefsin zä:-iketül mewti», ýagny «(Bu dünýä gelen) her bir jan eýesi ölüm ajysyny dadyjydyr» diýilýär.
26. «Ýer göteren sary sygyr»
Magtymguly Pyragynyň 2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň 2-nji jildiniň 206-207-nji sahypalarynda akyldaryň «Niçe ýaşyndadyr» atly şygrynyň birinji bendiniň başdaky iki setiri şeýle nusgada çapa taýýarlanypdyr:
Ýer göteren sary sygyr,
Bilmen niçe ýaşyndadyr.
Şol 5 bentlik şygryň 3-nji bendiniň soňky iki setiri bolsa şeýle nusgada halka hödürlenýär:
Ýer teýinde ýatan Mäti,
Şol öküziň gaşyndadyr.
Ýokarda görkezilen neşirde şygryň başyndaky «sary sygyr» üçünji bentde «öküz» diýip berilýär.
Türkmeniň meşhur alymlary tarapyndan taýýarlanan beýleki neşirleriň ählisinde birinji setir:
Ýer göteren sary öküz —
nusgada çap edilipdir.
27. «Hemme bedewler deň bolar»
Akyldarymyzyň «Daşda bellidir» atly goşgusynyň dördünji bendiniň soňky iki setiri şahyryň 2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň 1-nji jildinde (291 sah.) şeýle nusgada neşir edilen:
Hemme bedewler deň bolar,
Bedew çapyşda bellidir.
Bu setirleriň manysyny seljerip görsek, birinji setirde hemme bedewleriň deň bolýandygy nygtalýar. Ikinji setirde bolsa hakyky bedew çapyşykda belli bolar diýilýär. Bu nusga setirleriň dogry berlip-berilmändigi barasynda şübhe döredýär.
Biz birinji setirdäki «deň» sözüniň ýerine arap-pars elipbiýinde «dng» görnüşinde ýazylan «däng» bolmaly diýip pikir edýäris, ýagny ol:
Hemme bedewler däng bolar — görnüşinde bolmaly. «Däng» sözüniň pars dilinde «göçgünli», «joşgunly» diýen manylary bar.
Çapyşyga — ýaryşa gatnaşjak atlar märekäniň öňünden geçenlerinde, olaryň aýak basyşy dogumly, ýörişleri göçgünli, joşgunly görünýär. Emma bedewleriň iň naýbaşysy olar pellehana gelenlerinde belli bolýar.
28. «Zulmat içre goýduň suwuň ýagşysyn»
Aryf-danamyz hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda türkmenleriň aglabasynyň ýatdan bilýän:
Ýigrimi tört sagat on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn – diýip başlaýan «Aýyň ýagşysyn» atly şygry bar. Ol şygyrda ikinji bendiň soňky setiri şeýle tamamlanýar:
Zulmat içre goýduň suwuň ýagşysyn.
Bu syrly setiriň şerhi-düşündirişi barada oýlanyp, atamyzyň bize aýdanlaryna esaslanyp, şeýle netijä gelýäris. Atamyz geçen asyrda ýaşan, öz obasy Hankäriziň metjidinde okap sowat alan, öz zamanasynyň takwa adamlarynyň biridi. Ol Oraza aýynda agyz beklenilýän mahalynda agyz açmak bilen bagly şeýle diýerdi: «Iňrik garalansoň, daşardaky baga seretseň, onuň ýapragynyň ýaşyldygyny gözüň saýgarmaýan bolsa, agzy açaýmalydyr».
Agyz bekleýänler agşam agzaçar pursadynda käsedäki suwdan üç gezek owurtlap, agşam namazyny okaýarlar. Şol agyz açylanda içilýän üç owurt suw teşne ynsan üçin aňrybaş datly, şirin bolup duýulýar.
Şahyryň «zulmat» diýýäniniň manysy hem «garaňkylyk», «tümlük» diýmegi aňladýar.
Beýik akyldarymyzyň «suwuň ýagşysyn» diýýäni Oraza aýynda iňrik garalansoň (garaňky düşensoň), agyz açyp içilýän suw bolmaly diýip pikir edýäris.
Juma ATAÝEW,
terjimeçi, žurnalist.
“Biznes reklama” gazeti 07.08.2023
Soňky täzelikler
16/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP03/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP26/06/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP