Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    24/07/2023

    2009

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    19. Ne galadyr, burçy segsen?


    Aryf-danamyz Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda «Ne galadyr,burçy segsen» atly şygyr ýerleşdirilen. Ol şygryň bir setiri häzirki güne çenli neşir edilen kitaplaryň ählisinde, ine, şeýle görnüşde berlen:


    Ne galadyr, burçy segsen?

    Bize belli bolan gadymy çeşmeleriň hiç birinde 80 burçly gala baradaky maglumatlara ýa-da kyssa serine gabat gelmedik. Bu sowal belli bir wagta çenli biz üçin açyklygyna galyp gelýärdi.


    Hezreti Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserini okap otyrkak, täsin maglumata gabat geldik. Beýik akyldaryň pederi ol eserinde her bir perzendiň öz ata-enesiniň öňünde 80 borjunyň bardygyny habar berýär. Söz ussady hem ýokardaky setirde şol 80 borç hakynda söz açan bolmaly diýen pikire gelýäris. Munuň şeýledigini sözleriň, harplaryň ýazylyşyndaky aýratynlyklaryň üsti bilen hem düşündirmäge synanyşalyň.


    Arap elipbiýinde «ç» harpy we sesi asla ýok.


    Pars elipbiýinde ol harpbar, onuň ýazylyşy bolsa «jim» (jim) harpyna örän meňzeş. Owal-başda «burçy» sözündäki «ç»-niň ýerine «jim» (j) harpy ýazylyp, onuň «çe» (ç) diýlip okalmagy bolup biljek ýagdaý. Sebäbi «jimiň» aşagynda bir nokat, «çe» (ç) harpynyň aşagynda bolsa üç nokat goýulýar. Ol döwürde hatlar, özüňiziň bilşiňiz ýaly, çyg zerarly şekili üýtgeýän syýa bilen ýazylan. Döwletmämmet Azady perzendiň öz ata-enesiniň her biriniň öňünde olar entek dirikä, 40 borjunyň we dünýäden gaýdanlaryndan soň hem, 40 borjunyň bardygyny habar berýär. Pähimdar her bir perzendiň ata-enesi dirikä ýerine ýetirmeli borçlary babatda şeýle diýýär:


    Ata-ene haky hem Taňry haky,

    Parz durur boýunda bil, eý, mutlaki.

    Kyl eda, ata-enäniň kyrk hakyn,

    Hak tagala dergähige bol ýakyn.


    Döwletmämmet Azadynyň sanap geçýän ol 40 borjy şular:

    1.10borç—ten bilen amal etmeli borçlar;

    2.10borç—dil bilen amal etmeli borçlar;

    3.10borç—köňül bilen amal etmeli borçlar;

    4.10borç—malyň, döwletiň bilen amal etmeli borçlar.


    Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde olar ýekänme-ýekän, giňişleýin düşündirilýär. Döwletmämmet Azadynyň ol nesihatyny ogly Magtymguly hem öz şygrynda ýokardaky görnüşde ýatlapdyr. Perzent kemala gelýänçä, ata-ene onuň penalaýan galasy bolsa, ata-ene gojalansoň, perzent olara ten, dil, köňül, maly-döwleti bilen tüýs ýürekden hyzmat edip, olaryň daşynyň galasy, penalaýan perzendi bolmalydyr.


    Has gadymy eser bolan «Riýazan-nasähin» atly eserde hem perzendiň ata-enäniň öňündäki 80 borjy hakynda has giňişleýin beýan edilýär.


    Netijede, ýokardaky setir:


    Ne galadyr, borjy segsen – diýip, okalmaly diýen pikire gelýäris.


    Juma ATAÝEW, terjimeçi, žurnalist.


    “Biznes reklama” gazeti 24.07.2023

    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/112992

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI