Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    03/07/2023

    856

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/110730

    (Başlangyjy geçen sanlarymyzda).

    11. «Bakjasynda bilbil oýnahlary bar»

    Şahyryň ýokardaky ýaly atlandyrylan şygrynyň birinji bendiniň soňky setiri (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 1-nji jilt, 504 sah.) şeýle nusgada neşir edilen:

    Bakjasynda bilbil oýnahlary bar. Şu setirdäki «bakjasynda» diýlip berlen sözi «bagçasynda» diýip okamaly bolsa gerek. Mysal üçin, bir mellekde iki-üç düýp erik, birki düýp alma, şetdaly bolsa, ol bag däl-de, bagça bolýar. Bag bolmak üçin ekilen agaçlaryň tutýan meýdany has giň bolmaly. Bizi şeýle pikire gelmäge iterýän sowallaryň ýene biri hem şundan ybarat: bakjada, ýagny gawun-garpyz, kädi ýaly ekinleriň ekilen meýdanynda bilbilleriň oýnaýanyna, saýraýanyna biz duşup görmedik.

    12. «Segparaz milleti läşi ýandyrar»

    Şahyryň «Joşy ýandyrar» atly şygrynda (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 1-nji jilt, 391 sah.) aşakdaky setirler ozalky neşirlerde hem şunuň ýaly görnüşde gaýtalanýar:

    Ýetmiş iki millet gömer ölüsin,
    Segparaz milleti läşi ýandyrar.

    Pars dilinde «seg» sözi it diýmegi, «segparaz» sözi bolsa ite çokunýan diýmegi aňladýar. Dünýäde şeýle milletiň bardygyny biz heniz eşidip görmedik. Şonuň üçin hem şygyrdaky ol söz «sängparaz» bolmalydyr diýen netijä gelýäris. «Sängparaz» — buta, daşdan heýkele sežde edýän diýen manyny berýär. Käbir ýurtlarda ýaşaýan butparazlarda (sängparazlarda) ýas adatlary ýerine ýetirilende, merhumyň jesedini ýakmak dessury bar.

    13. Oraşan düýş

    Akyldarymyzyň «Atly ýaranlar» atly şygrynda hezreti Ýusup pygamberiň başyndan geçen wakalar beýan edilýär. Rowaýatlarda gürrüň bermeklerine görä, Ýakup pygamberiň beýleki ogullary, Ýusubyň enebaşga inileri ondan dynmak üçin Ýusuby bir guýa (çaha) taşlaýarlar. Hezreti Ýusubyň çuň guýynyň içinde, tümlükde ýatan halyny akyldarymyz şygrynda şeýle beýan edýär:

    Çah içinde ýatdy üç gije-gündiz,
    Hezreti Jebraýyl saklady tämiz,
    Bir Aý bile bir Gün, ol on bir ýyldyz,
    Ýusupga köp tagzym etdi, ýaranlar.
    (Magtymguly, şygyrlar, 3 tomluk, II tom, 5 sah.).

    Gadymy kitaplarda beýan edilişine görä, hezreti Ýusup pygamber çuň guýynyň içinde üç gün ýatansoň, düýş görýär. Onuň düýşündäki Aý — öweý enesi, Gün — kakasy Ýakup pygamber, on bir ýyldyz bolsa, Ýakup pygamberiň beýleki ogullarydyr. Ýakup pygamberiň 12 oglunyň bolandygy barada gadymy çeşmelerde berilýär. Taryhy maglumatlary beýan edýän kyssalarda aýdylyşyna görä, Ýusup pygamber Müsürde şa bolanyndan soň, onuň on bir dogany, hakykatdan hem, toba bilen tagzyma barýarlar.

    14. «Pil hem durar baglasalar gyl bile»

    Şahyryň «Ýel bile» atly şygrynyň bir setiri neşirde (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 2-nji jilt, 12 sah.) şeýle nusgada getirilipdir:

    Pil hem durar baglasalar gyl bile. Bu neşiriň 1-nji jildiniň 76 — 79-njy sahypalarynda ýerleşdirilen «Ahyrzamana» atly şygrynda hem aşakdaky görnüşde iki setir bar:

    Reýis bolan paýekiden pul alar,
    Bermese, boýnyga gyl, arkan salar.

    Biz bu düşündirişimizde «gyl» diýip berlen söz barada gürrüň etmekçi bolýarys. Ol arapça «gaýn» (g) we «lam» (l) harplary bilen ýazylýan we «lam» üstünde «teşdid» (harpy iki gezek gaýtalamalydygyny aňladýan belgi) goýlan söz bolup, ony «gyl» däl-de, «gol» görnüşinde okalsa, dogry bolar diýen netijä gelýäris.

    «Gol» arapça «zynjyr» diýmegi aňladýar. Soňky getirilen mysalda hem ol: Bermese, boýnyga gol, arkan salar – diýen nusgada okalsa, ol «zynjyr» diýen manyny berip, mazmuna golaý bolýar. «Arkan» — ýüňden işilýän ýogyn ýüp.

    Okyjylarymyz pilleriň zynjyra baglanýandygyny kinolarda köp gezek görendirler.

    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).


    * Peýdalanylan edebiýatlar:

    1. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1994.

    2. Magtymguly, Aşgabat, 1959.

    3. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1983.

    4. Magtymguly, 2 jiltlik, Aşgabat, 2013.

    Juma ATAÝEW, terjimeçi, žurnalist.

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI