03/07/2023
644
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
(Başlangyjy geçen sanlarymyzda).
11. «Bakjasynda bilbil oýnahlary bar»
Şahyryň ýokardaky ýaly atlandyrylan şygrynyň birinji bendiniň soňky setiri (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 1-nji jilt, 504 sah.) şeýle nusgada neşir edilen:
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar. Şu setirdäki «bakjasynda» diýlip berlen sözi «bagçasynda» diýip okamaly bolsa gerek. Mysal üçin, bir mellekde iki-üç düýp erik, birki düýp alma, şetdaly bolsa, ol bag däl-de, bagça bolýar. Bag bolmak üçin ekilen agaçlaryň tutýan meýdany has giň bolmaly. Bizi şeýle pikire gelmäge iterýän sowallaryň ýene biri hem şundan ybarat: bakjada, ýagny gawun-garpyz, kädi ýaly ekinleriň ekilen meýdanynda bilbilleriň oýnaýanyna, saýraýanyna biz duşup görmedik.
12. «Segparaz milleti läşi ýandyrar»
Şahyryň «Joşy ýandyrar» atly şygrynda (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 1-nji jilt, 391 sah.) aşakdaky setirler ozalky neşirlerde hem şunuň ýaly görnüşde gaýtalanýar:
Ýetmiş iki millet gömer ölüsin,
Segparaz milleti läşi ýandyrar.
Pars dilinde «seg» sözi it diýmegi, «segparaz» sözi bolsa ite çokunýan diýmegi aňladýar. Dünýäde şeýle milletiň bardygyny biz heniz eşidip görmedik. Şonuň üçin hem şygyrdaky ol söz «sängparaz» bolmalydyr diýen netijä gelýäris. «Sängparaz» — buta, daşdan heýkele sežde edýän diýen manyny berýär. Käbir ýurtlarda ýaşaýan butparazlarda (sängparazlarda) ýas adatlary ýerine ýetirilende, merhumyň jesedini ýakmak dessury bar.
Последние новости
16/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP03/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP26/06/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP