Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady
    05/09/2023

    1144

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP

    32. Hajat üçin, kim ýüz tutar Karuna?
    Ýokarda ýatlanýan «Nazar salmaz» şygyrda «beterinden beteri bar» diýlişi ýaly, has ýerliksiz setirler hem bar. Mysal üçin:
    Iki didäm garkdyr huna,
    Arz aýtdym men Karuna...
    Türkmen dilinde «arz aýtmak» — kimdir birine hajat, zerurlyk bilen ýüzlenmek, «şikaýat etmek» — belli bir meseleden närazy bolup, närazylygyňy bildirmek.
    Onsoň hem, yslam dünýäsinde, gadymy kitaplarda iň gysganç, harsydünýä, baýlyk üçin ölüp barýan, takwa bendelere kömek bermedik adama — Karuna beýik türkmen danasy, nähili ýagdaýda, hajaty, zerurlygy üçin haýyş edip biler?! Akyldar özüniň «Ykbal bolmady» diýen şygrynda:
    Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
    Gözi gumdan doldy, puldan dolmady...
    — diýip, ol harsydünýäni berk ýazgarýar ahyryn!
    Biziň pikirimizçe, neşirdäki bu setir aslynda:
    Arz aýtdym men Kerime...
    bolmaly. Kerim — Allatagalanyň 99 adynyň biri. Ol adyň «jomart» diýen manysy bar. Onsoňam, hezreti Magtymguly ýaly yslam dünýäsiniň beýik akyldarynyň hajat üçin gysganç Karuna arz bilen ýüzlenmegi mantyga-logika gabat gelmeýär. Ýaradylan hajaty üçin Ýaradana-Kerime ýüz tutýar.
    Şeýle nogsanlyklar geljek neşirlerde düzedilse ýagşy...

    33. «Bu dünýä salynan bir gury hardyr»
    Şahyryň şygyr diwanynda «Kylgyl namazy» atly şygyr bolup, onuň 3-nji setiri (2013, 2-nji jilt, 195 sah.) şeýle nusgada çapa taýýarlanan:
    Bu dünýä salynan bir gury hardyr...
    Bu ýerde, setirde aýdylýan pikir okyja düşnüksiz, bu nusgada many almak hem kyn. «...gury hardyr» diýen söz düzümine okyjylar «gury eşek» diýen manyny berýär diýip düşünýändirler.
    ***
    Bu şygryň haýsy golýazma nusgada saklanýandygy bize mälim däl. Diwanyň ozalky neşirlerinde-de bu goşga gabat gelmedik. Eger ol ýerdäki «gury» sözüni «öl, çygly däl» diýip düşünýän bolsak, «har» sözüne nähili düşünmeli?! Parsça ol söz şeýle manylarda:
    1. «Hä» (h) arap elipbiýiniň 7-nji harpy, nokatsyz «h». Eger ol sözüň birinji harpy şol «hä», ikinji harpy «elip» (a, e) hem-de üçünji harpy «ra» (r) we «har» görnüşde ýazylan bolsa, ol «yssy», «gyzgyn» diýen manylary berýär.
    2. Ol söz elipsiz, ýöne «Hr (r)» görnüşinde ýazylan bolsa ol «erkin», «asylly», «saýlanan» diýen ýaly manylary aňladýar.
    ***

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI